Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň topary onuň Tomskda bolan myhman otagyndan "Nowiçok" yzly suw çüýşesiniň tapylandygyny aýdýar


Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny
Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny

Alekseý Nawalnynyň egindeşleri onuň Tomskda bolan myhmanhana otagynda bir suw süýşesinde rus oppozisiýa syýasatçysyny zäherlemek üçin ulanylan nerw agentiniň yzlarynyň tapylandygyny aýtdy.

44 ýaşly Nawalny awgustyň ahyrlarynda Tomskdan Moskwa uçuş wagtynda keselledi we barýan uçaryny Omsk şäherine gyssagly gonmaga mejbur etdi. Ol şol ýerden dessine keselhana äkidildi.

Soňra Nawalny Germaniýa, Berliniň Çarite keselhanasyna äkidildi. Ol ýerde geçirilen toksikologiýa synaglary agyr keselli kreml tankytçysynyň “Nowiçok” nerw agenti bilen zäherlenendigine “ikuçsyz subutnama” görkezdi.

17-nji sentýabrda Nawalnynyň Instagram blogy onuň keselländigi barada habarlar ýaýrap başlan wagty onuň egindeşleriniň heniz hem Tomskda ýerleşýän Ksander otelindedigini aýtdy.

Olar dessine Nawalnynyň terk eden ýöne heniz tämizlik işleri geçirilmedik otagyna barýarlar we ol ýerden gören islendik şübheli zatlary, şol sanda ady “Mukaddes çeşme” ýa-da “Keramatly çeşme” diýlip terjime edilýän mineral suw süýşesini toplaýarlar.

17-nji sentýabrda “Proýekt” web-saýty Nawalnynyň egindeşleriniň biriniň sözlerini getirip, bu süýşäniň Nawalnynyň toparynyň agzalarynyň biri tarapyndan, Birleşen Patyşalygyň ýaşaýjysy, Maria Pewçih tarapyndan Berline äkidilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG