Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň topary onuň Tomskda bolan myhman otagyndan "Nowiçok" yzly suw çüýşesiniň tapylandygyny aýdýar


Alekseý Nawalnynyň Sibir myhmanhanasynda bolan otagynda görlen suw gaplary

"Proýekt" web sahypasy 17-nji sentýabrda Nawalnynyň egindeşleriniň biriniň aýdan sözlerine salgylanyp, gürrüň edilýän çüýşäni Nawalnyý toparynyň agzalarynyň biriniň, Angliýanyň ýaşaýjysy Mariýa Pewçigiň Berline alyp gidendigini aýtdy.

Alekseý Nawalnynyň egindeşleri Orsýetiň Tomsk şäherinde ýerleşýän myhman otagynda bir suw çüýşesinde rus oppozisiýa syýasatçysyny zäherlemek üçin ulanylan nerw agentiniň yzlarynyň tapylandygyny aýdýarlar.

44 ýaşly Nawalnyý awgust aýynyň aýagynda Tomskdan Moskwa barýan uçarda näsaglyk tapyp, uçary Omsk şäherine gyssagly gonmaga mejbur etdi we keselhana ýerleşdirildi. Soňra ol Berlindäki Çarite klinikasyna äkidildi. Germaniýada geçirilen toksikologiýa synaglary agyr keselli kreml tankytçysynyň sowet döwrüniň önümi bolan "Nowiçok" himiýa toparyna dahylly nerw agenti bilen zäherlenendigini "ikuçsyz delil" bilen subut etdi.

Nawalnynyň instagramdaky blogy 17-nji sentýabrda rus syýasatçysynyň hassalygy baradaky habar ýaýran wagtynda onuň egindeşleriniň şindi hem Tomskdaky "Xander" myhmanhanasynda bolandygyny aýtdy.

Olar derrew Nawalnynyň boşaly bäri arassalanyp, ýygnaşdyrylyp ýetişilmedik otagyna ylgadylar we gören şübheli zatlaryny, şol sanda terjime edilende "Mukaddes Bahar", "Keramatly Bahar" manylaryny berýän belgili açyk suw çüýşesini hem ýygnap aldylar.

"Proýekt" web sahypasy 17-nji sentýabrda Nawalnynyň egindeşleriniň biriniň aýdan sözlerine salgylanyp, gürrüň edilýän çüýşäni Nawalnyý toparynyň agzalarynyň biriniň, Angliýanyň ýaşaýjysy Mariýa Pewçigiň Berline alyp gidendigini aýtdy.

Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky gurama, OPCW 17-nji sentýabrda Nawalnynyň nerw agenti bilen zäherlenmegi boýunça açylan işi derňemek babatda Germaniýa tehniki kömek berýändigini aýtdy.

"Tehniki sekretariatyň bilermenler topary, Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky gurama niýetlenen barlaghanalar tarapyndan seljerilmegi üçin, jenap Nawalna degişli biomedikal nusgalary özbaşdak ýygnady. Bu derňewiň netijeleri ýakyn wagtda Germaniýanyň häkimiýetleri bilen paýlaşylar" diýip, düýbi Haagada ýerleşýän guramanyň beýanatynda aýdylýar.

Germaniýa Orsýetiň bu bolan hadysa barada düşündiriş bermegini talap etdi, ýöne Orsýet bu iş bilen hiç bir baglanyşygynyň ýokdugyny aýdyp, zäherläp öldürmek synanyşygy baradaky aýyplamlary üzül-kesil ret etdi we Nawalnynyň zäherlenendigi baradaky netijä sebäp bolan subutnamalary paýlaşmagy üçin Germaniýa basyş görkezdi.

Nawalnyý rus prezidenti Wladimir Putine garşy tutuş ýurt boýunça guralan nägilelik ýörişlerine ýolbaşçylyk etdi we mundan öň hem, tussaghanada saklanylýan wagtynda howply himiki hüjüme sezewar bolup, näsaglyk jebirini çekipdi.

Soňky ýyllarda öldürilen ýa-da nyşana alnan kreml garşydaşlarynyň arasynda derňew žurnalisti Anna Politkowskaýa, öňki rus howpsuzlyk işgäri Aleksandr Litwinenko, öňki rus premýer-ministriniň orunbasary we oppozisiýa lideri Boris Nemtsow we öňki rus goşa agenti Sergeý Skripal we beýlekiler bar.

Skripal we onuň gyzy Ýuliýa 2018-nji ýylda Angliýanyň Salisberi şäherinde "Nowiçok" bilen zäherlendi we iňlis derňewçileri bu işi rus howpsuzlyk edaralaryndan gördi. Şonda geçirilen OPCW synaglary ýokary derejeli zäherli maddanyň ulanylandygyny tassyklady.

OPCW agzalary 2019-njy ýylyň noýabr aýynda agentligiň gadagan edilen himiki serişdeleriniň sanawyny giňeltmek we nerw agentleriniň "Nowiçok" maşgalasyny ilkinji gezek bu sanawa goşmak barada ylalaşyga geldiler. Bu gadagançylyk 2020-nji ýylyň 7-nji iýunynda güýje girdi.

OPCW 1997-nji ýylda Himiki ýaraglar konwensiýasyny ýerine ýetirmek üçin tehniki edara hökmünde döredildi we öz işini ýokary derejede syýasylaşdyrmak bilen, Siriýa urşy wagynda gadagan edilen himiki ýaraglaryň ulanylyşyna gözegçilik etmekde işjeň rol oýnady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG