Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow, Putin, pandemiýa döwründäki tagallalary üçin, saglyk bilimi boýunca Şnobel baýragyna mynasyp boldy


Dynç alşa çykyp, balyk tutýan we öz "üstünliklerini" beýan edýän gazetler bilen tanyşýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Dynç alşa çykyp, balyk tutýan we öz "üstünliklerini" beýan edýän gazetler bilen tanyşýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Şnobel baýragyna türkmen prezidenti bilen bilelikde ABŞ prezidenti Donald Tramp, RF prezidenti Wladimir Putin, Belarusdaky saýlawlary galplaşdyrmakda aýyplanýan Aleksandr Lukaşenka, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we Meksikanyň prezidenti Andres Manuel Lopes Obrador dagy hem mynasyp boldy.

17-nji sentýabrda ýaňsyly ylmy sylagyň, Şnobel baýragynyň 30-njy Ilkinji ýyllyk gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, BBC-niň Rus gullugy habar berýär.

Bu ýyl baýrak bermek dabarasy, dünýäde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, onlaýn görnüşinde geçirildi.

Baýragyň guramaçylarynyň ýazmaklaryna görä, bu derejä mynasyp bolanlar "başda gülki döreden, soňra oýlanmaga mejbur eden üstünlikleri" üçin sylag alýarlar.

Bu ýyl Şnobel baýragyna, saglyk biliminde we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleri üçin, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem mynasyp boldy.

Onuň hususan-da "COVID-19 pandemiýasyny dünýä jemgyýetçiligine syýasatyň ömre we ölüme alymlara hem-de lukmanlara garanda has kän täsiriniň bardygyny görkezmekde ulanandygy" bellenýär.

Elbetde, prezident bolanyndan soň ýazyjylyk talanty açylan we on dört ýyla golaý wagtda 50-den gowrak kitap ýazan, türkmen döwlet TW-sinde beýleki ugurlardaky ussatlyklaryny yzygiderli görkezen Berdimuhamedow bu baýragy ekelikde alyp bilmedi.

Şnobel baýragyna türkmen prezidenti bilen bilelikde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, RF-niň prezidenti Wladimir Putin, Belarusdaky saýlawlary galplaşdyrmakda aýyplanýan Aleksandr Lukaşenka, Braziliýanyň prezidenti Žair Bolsanar, britan premýer-ministri Boris Jonson, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we Meksikanyň prezidenti Andres Manuel Lopes Obrador dagy hem mynasyp boldy.

Ýeňijileriň doly sanawy baýragyň saýtynda çap edildi. Olar pul görnüşinde Zimbabwäniň 10 trillion dollarlyk galp banknoty bilen sylaglanýar.

Türkmen hökümeti dünýäniň has ösen, saglyk pudagyna uly möçberde serişde harçlaýan döwletlerini hem aljyraňňylyga salan howply wirusa garşy, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň derman ösümlikler hakynda ýazan ylmy işleri esasynda, ýüzärlik tütetmek, burçly unaş içmek, sazak pürüni we külüni ulanmak ýaly öňden gelýän halk tebipçilik emleri bilen göreşmegi maslahat berdi, döwlet edaralarynda we beýleki ýerlerde ýüzärlik tütedip, bu çäräni döwlet TW-si arkaly wagyz etdi.

Ýöne soňra, ilki döwlet derejesinde goldanan köpçülik çäreleri biraz çäklendirildi we, "ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen", dürli çäklendirmeler girizildi, Hazarda suwa düşmek, deňizde we derýalarda, kanallarda balyk tutmak gadagan edildi, toý-dabaralaryň tutulýan toý mekanlary we restoranlar, kafeler, güýmenje ýerleri hem köp adamly şowhunlaryny azaltmaly boldular.

Şol bir wagtda, häkimiýetler bilen "umumy dil tapan" adamlaryň islendik derejedäki toý dabarasyny tutup bilýändigi habar berilýär.

Balyk tutmak gadaganlygy hem hemmelere degişli bolmady.

Prezident Berdimuhamedow tomusda dynç alça çykyp, ady aýdylmaýan ajaýyp kölde, balyklaryň azyndan 25 görnüşiniň bardygy aýdylýan ýerde balyk tutup, "Döwletliler köşgüniň" çagalaryny balyk çorbasy bilen naharlady.

Şonuň bilen bir wagtda, başda türkmen metbugatynda gadaganlyk girizilen "koronawirus" aňlatmasy soň biraz erkin ulanylyp başlanan hem bolsa, Türkmenistanda ýüz maskalaryny hökmany geýmek talaby COVID-19 howpy bilen däl-de, eýsem, howanyň düzümindäki tozançylyk derejesiniň birden köpelmegi bilen düşündirilýär.

Şeýle-de, gürrüňi edilýän howply tozanyň aralýaka sebitlerindäki koronawirusy getirmek ähtimallygy duýdurulýar. Bu tozana garşy göreş tagallalarynyň çäginde ýurduň demirgazyk serhetleriniň boýunda wagtal-wagtal oba hojalyk uçarlary uçup, howa hlor erginini pürkýärler.

Türkmenistan BSG-nyň missiýasynyň ýurda gelip, ýagdaýy gözi bilen görmegini hem mümkin boldugyça gijikdirdi. Ýöne BSG missiýasy ýurtda bolup, türkmen hökümetiniň aýdanlaryny tassyklamakdan başga çäre tapmady.

Emma soň, ýurtda ýokanç keselden ölýänleriň sanynyň aşa köpelmegi bilen bagly maglumatlar, gonamçylyklarda jaýlanan adamlaryň täze mazarlarynyň suratlary, wideolary ýaýransoň, türkmen aktiwistleriniň daşary ýurtlarda gurnan protest çäreleri netijesinde, BSG bilen Berdimuhamedow bir aý gowrak öň ýene bir barlag geçirmek ylalaşygyna geldi.

Garaşylýan barlagda BSG ekspertleri özbaşdak koronawirus synaglaryny geçirmeli. Olar ozal diňe özlerine berlen resmi maglumatlar esasynda netije çykarypdylar.

Häzirlikçe bu synaglaryň haçan geçiriljekdi we olardan näme netije çykjakdygy belli däl.

BSG 2014-nji ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistany temmäki önümlerinden saplamakda bitiren işleri üçin Guramanyň ýörite sertifikaty bilen sylaglady.

Ýerli synçylar, şol sanda hukuk toparlary türkmen hökümetiniň çap edýän statistiki sanlarynyň ygtybarlylygyny sorag astyna alýarlar. Emma muňa garamazdan, türkmen hökümetiniň çap edýän sanlaryna, şol sanda koronawirus näsaglarynyň ýüze çykarylmandygy barada aýdylýanlara ynanýan halkara guramalary hem bar.

BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň başlygy Ýelena Panowa Türkmenistanda COVID-19-yň bolmazlygynyň sebäplerini hökümetiň öz wagtynda gören berk çäreleri we ilatyň azdygy, gür ilatly şäherleriň bolmazlygy bilen düşündirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG