Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pandemiýa döwründe onuň adyny agzamakdan gaça duran Türkmenistan 'koronawirus' sözüni giňden ulanmaga başlady


Berdimuhamedow hökümet mejlisinde koronawirusy agzaman, türkmen halkynyň ýokanç kesellere garşy netijeli göreş usullaryny oýlap tapandygyny ynandyrmaga çalyşdy.
Berdimuhamedow hökümet mejlisinde koronawirusy agzaman, türkmen halkynyň ýokanç kesellere garşy netijeli göreş usullaryny oýlap tapandygyny ynandyrmaga çalyşdy.

Berdimuhamedow Hytaýda koronawirusyň ýaýrandygy baradaky habarlar gowşan badyna, bu ugurda bada-bat berk çäreleriň görlendigini, ol ýerdäki türkmen raýatlarynyň yzyna getirilendigini, uçar gatnawlarynyň ýatyrylandygyny, beýleki çäklendirmeleriň girizilendigini ilkinji gezek dile getirdi.

Türkmenistanyň prezidenti we TDH "koronawirus" sözüni 2-nji aprelden bäri gysga wagtda birden birnäçe gezek dile getirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu sözi ilki RF-nyň Tatarystan respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen eden telefon söhbetdeşliginde agzady.


TDH prezidentleriň "dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýän koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýy", bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin lukmançylyk serişdelerini öndürmek barada maslahat edendigini habar berýär.

Şeýle-de bu söz, Türkmen döwlet TW-siniň maglumatyna görä, türkmen prezidentiniň 3-nji aprelde geçiren hökümet mejlisinde birnäçe gezek agzaldy.

Mundan öň ÇOVID-19 meselesi Türkmenistanda 25-nji fewralda, vokary derejeli saglyk resmileri bilen gecirilen maslahat wagtynda,, Eýrana koronawirus sebäpli iberilen ynsanperwer kömegi bilen baglylykda, birnäçe gezek göni we gytaklaýyn ýatlanypdy. Emma her gezek bu meseläniň Türkmenistan bilen bolup biljek baglanyşygyndan gaça durlupdy.


Berdimuhamedow indi Hytaýda koronowirusyň ýaýrandygy baradaky habarlar gowşan badyna, Türkmenistanda bu keseliň ýaýramgynyň öňüni almak üçin berk çäreleriň görlendigini, ol ýerdäki türkmen raýatlarynyň yzyna getirilendigini, uçar gatnawlarynyň wagtlaýyn ýatyrylandygyny, beýleki çäklendirmeleriň girizilendigini ilkinji gezek dile getirdi.

Türkmen prezidentiniň we mediasynyň koronawirus sözüni ilkinji gezek giňden ulanyp başlamagy bu ýokanç kesele ýoluganlaryň sanynyň dünýä boýunça 1 milliondan geçen, ondan 53 müňden gowrak näsagyň ýogalan wagtyna gabat geldi.

Şeýle-de, TDH "koroinowirus" sözüni ýurtda ony ulanmagyň gadagan edilendigi barada halkara mediasynda, şol sanda dünýäniň köp dilinde pandemiýa döwrüniň iň bir geň-enaýy täzeligi hökmünde berlen maglumatlardan soň ulanmaga başlady.


Mundan öň türkmen mediasy dekabrdan bäri dünýä metbugatynyň baş habarlarynda esasy orny eýelän ýokanç keseliň adyny Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefon söhbetdeşligini geçirende, birinji gezek agzady.

Ýöne şol wagt Türkmenistanyň bu kesele garşy görýän çäreleri hakynda maglumat berilmedi.

Şeýle-de, 18-nji martda geçirilen telefon söhbetdeşligi baradaky habarda koronowirus sözi agzalan hem bolsa, özbek mediasyndan tapawutlylykda, TDH prezidentleriň arasynda 27-nji martda geçirilen telefon gürrüňi wagtynda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtmakdan, koronawirus sözüni agzamakdan saklanmagy, näme üçindir, makul bildi.


Mundan başga, türkmen prezidenti 13-nji martda geçiren hökümet mejlisinde koronawirusy agzaman, türkmen halkynyň ýokanç kesellere garşy netijeli göreş usullaryny oýlap tapandygyny ynandyrmaga çalyşdy.

Onuň sözlerine görä, ýüzärlk tütetmek, burçly unaş içmek, sazak püri we küli ýaly zatlary ulanmak ýokanç keselleri dep etmekde peýda berýär.

Şondan soň Türkmenistanda ýüzärlik tütetmek çäreleri güýçlendi we bu ösümligiň bazarlardaky bahasy gymmatlady, mekdeplerde okuwçylardan ýüzärlik üçin pul getimek talap edildi

Netijede, AÝ/AR türkmen, belarus, serb ýolbaşçylary ýaly liderleriň, käbir din wekilleriniň koronawirusa garşy göreş boýunça berýän maslahatlarynyň dogry däldigi hakynda ýörite makala çap etdi.


Türkmenistan Merkezi Aziýada koronowirusyň ýaýramagyna garşy görülýän çäreler barada ilata açyk maglumat bermeýän, ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen planlaşdyrylan köpçülik çärelerini, şol sanda Nowruz baýramçylygynyň dabaralaryny goýbolsun etmdik iki ýurduň biri bolup, ol ýurtlaryň ikinjisi Täjigistan bolup durýar. Bu iki ýurtda resmi taýdan hasaba alnan koronowirus näsagy ýok.

Emma muňa garamazdan, Azatlyk radiosynyň habarçylary, saglyk resmilerine salgylanyp, Türkmenistanda koronawirus näsaglarynyň ýüze çykarylandygyny habar berdiler. Türkmen resmileri bu maglumaty ret etdiler.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda aýtmazdan, koronawirusa garşy göreşe taýýarlyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylandygy habar berilýär.

Türkmenistanda hünäri boýunça diş lukmany bolan G.Berdimuhamedowyň saglyk ministri we prezident bolan ýyllarynda saglyk hyzmatlarynyň hil-derejesiniň örän pese düşendigi we bahasynyň gymmatlandygy, ýerli lukmanlaryň näsaglara dertlerini bejertmek üçin köplenç daşary ýurtlara saglyk syýahatyna gitmegi maslahat berýändigi habar berilýär.

Dünýäniň köp ýurtlarynyň ykdysadyýetine gysga wagtda agyr zarba uran, işsizlik derejesiniň birden görülmedik ýagdaýda ösmegine getiren, hökümetleri, maliýe guramalaryny gyssagly çäreleri görmäge iteklän koronowirus pandemiýasy türkmenistanlylaryň çekýän ykdysady kynçylyklaryna urna boldy.

Synçylar gaza baý Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nädogry dolandyryş, gymmatbaha gurluşyk taslamalary we beýleki döwlet harçlamalary sebäpli juda gowşandygyny, işsizleriň sanynyň ýokary galandygyny we işleýän adamlaryň aýlyklarynyň dollaryň gara bazar bahasynyň garşysynda kän esse hümmetini gaçyrandygyny, emma hökümetiň bu ýagdaýy düzetmek planlarynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG