Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ, ýaranlarynyň garşylygyna garamazdan, BMG-niň Eýrana garşy sanksiýalaryny yzyna getirer


Döwlet sekretary Maýk Pompeo

Birleşen Ştatlar, Waşingtonyň iň ýakyn ýewropa ýaranlarynyň käbirleriniň garşylygyna we täsiriniň näbelliligine garamazdan, BMG-niň Eýrana garşy girizen ähli sanksiýasyny birtaraplaýyn tertipde dikeltjegini aýdýar.

Döwlet sekretary Maýk Pompeo 19-njy sentýabrda BMG-niň Eýrana garşy girizen sanksiýalarynyň yzyna getirilýändigini yglan etdi we ABŞ-nyň düzgüni bozanlaryň ählisine garşy çäre görjekdigini aýtdy.

"Eger-de BMG-ä agza döwletler bu sanksiýalar babatdaky borçnamalaryny ýerine ýetirip bilmese, Birleşen Ştatlaryň içerki häkimiýetleri bu şowsuzlyklardan netije çykarmaga we Eýranyň BMG tarapyndan gadagan edilen işlerden peýdalanmazlygyny üpjün etmäge taýýar" diýip, Pompeonyň beýanatynda aýdylýar.

Bu çärä jogap hökmünde, Eýran 20-nji sentýabrda dünýäniň galan bölegini Waşingtonyň "geleňsiz hereketlerine" garşy birleşmäge çagyrdy.

"Biz halkara jemgyýetçiliginiň we dünýäniň ähli ýurtlarynyň Ak tamdaky režimiň bu hili geleňsiz hereketlerine garşy durmagyna we bir hörpden gopmagyna garaşýarys" diýip, Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh Tähranda gurnalan metbugat ýygnagynda aýtdy.

ABŞ-nyň bu ädimi BMG-de uly gapma-garşylyga esas döredýär, Eýran we 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasyna gatnaşýan beýleki taraplar bilen arada dörän dartgynlylygyň arasynda, resmi taýdan bilelikdäki hereket meýilnamasy (JCPOA) dilip atlandyrylan ylalaşyk bilen baglylykda, Waşington barha özüni üzňeleşdirýär.

ABŞ-nyň bu beýanatynyň öňüsyrasynda Angliýa, Fransiýa we Germaniýa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine iberen hatynda Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny 20-nji sentýabrdan soňam dowam etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG