Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duesseldorfdäki wirus protestinde uly polisiýa hüşgärliginiň bolmagyna garaşylýar


 Duesseldorf polisiýasy iş başynda
Duesseldorf polisiýasy iş başynda

Germaniýanyň Duesseldorf şäheriniň polisiýasy koronawirusyň ýaýramagyna gözegçilik etmek üçin görülýän çäreleri tankytlaýanlar tarapyndan 20-nji sentýabrda köp adamyň gatnaşmagynda guralýan demonstrasiýa gözegçilik üçin uly möçberde polisiýa ofiserlerini ibermäge taýýarlanýar.

Bu protest ýörişi Berlinde uly ýörişleri guran Kuerdenken (Pikirlenmek) inisiatiwasynyň sebit topary tarapyndan gurnaldy. Guramaçylar protest çäresine 50 000 töweregi adamyň gatnaşmagyna garaşýandyklaryny aýdýarlar. Polisiýa bu çärä 10 müňe çenli adamyň gatnaşmagyna taýynlanýar.

Şonuň bilen bir wagtda, bu ýerde birnäçe garşylykly protest çäresi hem bolar.

Hökümetiň koronawirusdan gorag çärelerine garşy demonstrasiýa, plana görä, Reýniň kenaryndan başlanýar we sagat 2-den şäher merkezine geçiriler.

Gatnaşýanlar maska geýmeli däl, ýöne Demirgazyk Reýn-Westfaliýa ştatynyň pandemiýa kadalaryna laýyklykda, olar iň az sosial aralygy biri-birinden 1,5 metr aralykda saklamaga borçly bolup durýar.

Bir gün öň, 19-njy sentýabrda Londonda koronawirus çäklendirimelerine garşy guralan demonstrasiýalarda gaharly protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy.

XS
SM
MD
LG