Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TASS: Belarus Orsýetden alýan täze karzynyň 330 million dollaryny “Gazproma” geçirier


Karz barada 14-nji sentýabrda, rus prezidenti Wladimir Putiniň belarus kärdeşi Aleksandr Lukaşenka bilen geçiren duşuşygy mahalynda ylalaşyldy.
Karz barada 14-nji sentýabrda, rus prezidenti Wladimir Putiniň belarus kärdeşi Aleksandr Lukaşenka bilen geçiren duşuşygy mahalynda ylalaşyldy.

Belarus Orsýetden alýan täze 1,5 milliard dollarlyk karzynyň 330 million dollar çemesini Orsýetiň gaz läheňi “Gazproma” bolan bergisini ýapmak üçin gönükdirer diýip, TASS habar gullugy
Orsýetiň maliýe ministri Anton Siluanowa salgylanyp, 20-nji sentýabrda habar berdi.

Russiýa ýylyň ahyryna çenli Belarusa 1,5 milliard dollarlyk karzyň ilkinji 1 milliard dollaryny iberer we karzyň galan bölegini 2021-nji ýylda üpjün eder.

Bu karz Belarusa we onuň döwlet kompaniýalaryna bergi-borçlaryny ýerine ýetirmeklerinde we öňki Sowet ýurdunda maliýe durnuklylygyny doldamakda kömek bolar diýip, Siluanow şu hepdäniň başynda aýtdy.

Bu karz barada 14-nji sentýabrda, rus prezidenti Wladimir Putiniň belarus kärdeşi Aleksandr Lukaşenka bilen geçiren duşuşygy mahalynda ylalaşyldy.

XS
SM
MD
LG