Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Çehiýanyň saglyk ministri keseliň tiz ýaýraýan wagtynda işinden çekildi


Praga
Praga

Çehiýanyň saglyk ministri Adam Wojtech, Ýewropada koronawirus keseliniň ikinji gezek güýçli ýaýraýan wagtynda Ýewropa Bileleşiginiň bu agza ýurdunda kesele garşy alnyp barylýan çäreleriň tankyt edilmeginden soň wezipesinden çekildi.

Premýer-ministr Andreý Babiş 21-nji sentýabrda Twitter arkaly çap eden maglumatynda Wojteche minnetdarlyk bildirdi we pandemiýanyň ilkinji tolkuny döwründe koronawirusa garşy göreşde "ynanar ýaly däl" derejede öz güýjüni sarp edendigini we onuň ýurduň iň gowy saglyk ministri hökmünde ýatda galyp biljekdigini aýtdy.

Pandemiýanyň ikinji tolkuny bilen ýüzbe-ýüz bolýan Çehiýa keseliň ýaýramagyna garşy çäreleriň köpüsini tomsuň başynda ýatyrypdy.

Ýewropanyň keselleriň öňüni alyş we gözegçilik merkeziniň habaryna görä, soňky 14 günde Çehiýada kesellänleriň sany her 100 000 adama 193 näsaga barabar bolupdyr.

XS
SM
MD
LG