Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hindistan COVID-19-yň ýaýramagyna garamazdan, çäklendirmeleri gowşadýar


Hindistan

Hindistan 1,3 milliard ilatynyň arasynda koronawirus ýokançlygynyň köpelýändigine garamazdan, bäş aýdan gowrak wagtdan soň 21-nji sentýabrda käbir ştatlarda mekdepleriň açylmagyna rugsat berdi.

Global derejede koronawirus keseliniň 31 milliona ýeten wagtynda şu hepdede keselden ölenleriň 1 milliona ýetjekdigi çak edilýär. Bu ýagdaýda Hindistana global infeksiýanyň esasy hereketlendirijisi hökmünde seredilýär.

Hindistan 5,4 milliondan gowrak COVID-19 ýokaşmasyny hasaba aldy we her gün kesel ýokaşanlara 100 000 töweregi goşulýar. Ölenleriň sany günde 1000-den gowrak ýokarlanyp, 87 000 adam töweregine ýetdi.

Kesellänleriň we ýogalanlaryň hakyky sany has ýokary diýlip hasaplanýar. Merkezi hökümet mekdeplere 14 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky okuwçylaryň meýletin esasda bölekleýin gatnamagyna rugsat berdi.

Deli, Gujarat, Kerala we Uttar Pradeş ştatlary mekdep sapaklaryny täzeden başlamagyň entek irdigini aýtdylar.

Hindi hökümeti mart aýynda kesele garşy onlarça million adamyň durmuşyny weýran eden berk çäklendirmeleri girizdi.

Premýer-ministr Narendra Modi käbir beýleki ýurtlar ýaly çäklendirmeleri gaýtadan durmuşa geçirmäge islegsizlik görkezýär. Soňky aýlarda onuň hökümeti köp otly marşrutlarynda, içerki uçuşlarda, bazarlarda we restoranlarda girizilen çäklendirmeleri ýeňilleşdirdi.

Simwoliki ädim hökmünde dünýä belli Täj Mahal hem 21-nji sentýabrda alty aýyň içinde ilkinji gezek käbir çäklendirmeleriň we saglyk talaplarynyň berjaý edilmeginde gaýtadan açylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG