Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus protestçileri häkimiýetlere garşy onlaýn taktikasyny ulanýarlar


Sanly "courtyard chats" belaruslylara saýlawdan soňky demonstrasiýalaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak we parahatçylykly nägileligiň täze usullaryny strategiýasyny planlaşdyrmak üçin forumlary hödürleýär.

Belarus protestçileri gündelik demonstrasiýalaryny köçelerde jemlän badyna, taktikasyna baha bermek we indiki hereketlerini planlaşdyrmak üçin onlaýn herekete geçýärler.

"Düýnki syn", Byternity atly bir Telegram ulanyjysy, saýlawdan soňky ýörişler we köpçülikleýin tussag edilmeler bilen bagly soňky dynç günlerinde bolan ýagdaý barada 21-nji sentýabrda şeýle ýazdy: "Opera teatrynda kolonnadan aýrylan az sanly adam, olardan kimdir biri dynç almak üçin, käbirleri gaýtmak üçin gyra çekildi, edil şol wagt kolonnanyň yzyndaky awtobuslar olaryň üstüne sürdi. Şondan soň gyra çekilen adamlar awlanyp başlandy".

Bu maglumat demonstrantlaryň "courtyard chats" atly digital Telegram habarlaşma ulgamynda Belarusyň şäherlerinde, fabriklerinde we belli ýerlerinde maglumat ýaýramak üçin ulanýan goragly çatlarynyň birine degişli.

Şeýle çatlar demonstrantlaryň 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlarynda galp ýeňiş gazandy diýip hasap edýän Aleksandr Lukaşenka garşy bitewi front bilen garşylyk görkezmek üçin ulanylýan häzirki zaman çeşmeleriniň biridir.

Töwekgelçilikler hem ýokary, Maryýa Kalesnikawa ýaly oppozisiýa liderleri demonstrasiýa geçirmek üçin metbugaty we interneti ulanmakda aýyplanyp tussag edildi. Ýöne belaruslylar howpsuzlyk gullugynyň agzalarynyň demonstrasiýalary basyp ýatyrmak boýunça edýän hereketleriniň üstüni açmak, meýletinçileri toplamak, habarlary we maglumatlary paýlaşmak we parahatçylykly demonstrasiýa usullaryny hem strategiýany düzmek üçin internete girip, häkimiýetlere garşy çykýarlar.

19-njy sentýabrda Minskdäki ýörişe gatnaşan birnäçe müň aýal zorluk we polisiýa tarapyndan tussag edilenden soň, hakerler muňa 1000 polisiýa işgäriniň atlaryny we şahsy maglumatlaryny ýaýratmak bilen jogap berdiler.

"Tussag edilmeler dowam edýärkä, biz giň gerimde maglumatlary çap etmegi dowam etdireris" - diýip, hakerler Belarusyň berk gözegçilik astyndaky gurşawyndan aýlanyp geçmek üçin bu hyzmatdan üstünlikli peýdalanýan Nexta Live habar gullugynda we dürli Telegram kanallarynda ýaýradan beýanatynda mälim etdiler.

Içeri işler ministrligi "ministrligiň ygtyýaryndaky güýçlere elýeterli serişdeler we tehnologiýalar internetde şahsy maglumatlary syzmakda günäkärlenýänleriň aglaba köplügini anyklamaga we jogapkärçilige çekmäge mümkinçilik berýär" diýip haýbat atdy.

Ýöne 21-nji sentýabrda ýene-de ýüzlerçe adamyň tussag edilmeginden soň, "Belarusyň gara kitaby" atly kanalynda täze suratlar, öý salgylary we demonstrantlar babatyndaky repressiýalara gatnaşandygy aýdylýan polisiýa we sud işgärleriniň telefon belgileri ýerleşdirildi.

"Dostlar, bu gün jeza berýänler ýene çyzykdan geçdiler" - diýip, günüň ahyrynda saýtda bir habar peýda boldy.

"Olar köçelerdäki adamlary (hatda göwreli aýaly) alyp gitdiler, ýaragdan ok atdylar, göz ýaşardyjy gaz sepdiler" diýlip maglumatda bellenýär.

Özüni Minskde we onuň töweregindäki regionlarda "ýitip gitmek howpy abanýan görnüşler: bidüzgünçilik polisiýasy, ýol polisiýasy, Içeri işler ministrliginiň goşunlary we beýleki howpsuzlyk güýçleri" üçin baza hökmünde häsiýetlendirýän bir sahypada Minsk, Brest, Hrodna, Homel ýaly şäherlerde okyjylar üçin protestçilere garşy jenaýat edenler hakda maglumat çap edýär.

Onlaýn, gönümel görnüşde

Onlaýn forumlaryň dolandyryjylary, öz maglumatlarynyň diňe bir demonstrantlar tarapyndan okalmaýandygyny gowy bilýärler.

Ýerli inisiatiwalar we guramaçylyk üçin niýetlenen “Minsk raýonlarynyň we howlularynyň çatlary” atly websaýtda gatnaşyjylara töwekgelçilik barada duýdurylýar we 50-den gowrak adamyň onlaýn diskussiýasynyň her birine Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň hem gatnaşýan bolmagynyň ähtimallygy aýdylýar.

"Esasy zat, Jenaýat kodeksini bozmazlyk" diýilýär we ulanyjylardan arasyndaky mönüm meseleleri "şahsy taýdan tanaýan we ynanýan aktiwistleriňiz bilen" ara alnyp maslahatlaşmak soralýar.

Diskussiýalar üçin esasy temalar ýygnanmak üçin ýerleri, öldürilen demonstrantlaryň hatyrasyna matam tutmagy, demonstrasiýalarda näme geýmelidigini, tussag edilenleriň ýagdaýyny we ýerli häkimiýetlere garşylyk bildirmek üçin alternatiw usullaryny öz içine alýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG