Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi


Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň Izmir we Balykesir şäherlerinde ten satmakda we ten satmaga araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi. Bu barada türk media serişdeleri habar berýär.

“Izmir şäheriniň Dikili etrabynda polisiýanyň geçiren operasiýasynda daşary ýurtly üç aýal tussag edildi. Biri türkmenistanly, ikisi gyrgyzystanly aýallaryň ten satýandygy anyklanyldy. Iki aýal özüni Deniz diýip tanyşdyran türkmenistanly bir aýalyň özlerini ten satmaga mejbur edendigini aýtdylar” diýlip, Haberler.com neşiri ýazýar.

Neşiriň 22-nji awgustda çap eden habarynda operasiýa barada öňünden habarly, ten satmaga araçylyk edýändigi anyklanan türkmenistanly Deniz K-niň Balykesir şäheriniň Gömeç etrabynda tussag edilendigi hem aýdylýar.

“Kazyýet öňüne çykarylan türkmenistanly aýalyň tussaglygy barada karar çykaryldy. Ten satmaga mejbur edilendigi anyklanan iki aýalyň polisiýadaky işleri tamamlanandan soň, deportasiýa ediljekdigi anyklandy” diýip, neşir ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň bu waka barada Türkiýäniň Izmir we Balykesir şäher polisiýa müdirliklerinden goşmaça maglumat almak boýunça eden synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň fonunda, türkmen raýatlarynyň gazanç gözleginde iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň başyny çekýän Türkiýede türkmenistanlylar barada yzygiderli habarlar peýda bolýar.

Geçen hepdäniň ahyrynda türk media serişdeleri Kyryklareli şäherindäki köle girenden soňra ýitirim bolan türkmenistanly zenanyň jesediniň tapylandygyny habar berdi.

“Çawuşköý obasyndaky köle giren 38 ýaşyndaky Gülala Hudaýkulyýewa bir salym soň ýitirim bolýar. Onuň ýakynlary halas ediş we saglyk işgärlerini çagyrandan soň, Hudaýkulyýewanyň jesedi kölden çykaryldy. Respublika kazyýetiniň derňewlerinden soň, Hudaýkulyýewanyň jesedi Babaeski döwlet hassahanasynyň morguna geçirildi” diýlip, Sondakika.com neşiriniň 18-nji sentýabrda çap eden habarynda bellenildi.

7-nji sentýabrda çap edilen habarlarda bolsa, Stambulda neşe maddalary bilen ilteşikli Türkmenistanyň iki raýatynyň – Meýlisiň we Aýnanyň – tussag edilendigi habar berildi.

Ýurtdaky ykdysady kynçylyklary aça-açan boýun almaýan türkmen hökümeti daşary ýurtlara giden raýatlaryň sany barada takyk maglumatlary mälim etmeýär, şeýle-de olaryň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary hakda-da mesele gozgamaýar. Ýurduň resmi metbugaty hem, türkmen raýatlary barada daşary ýurt media serişdelerinde çykýan habarlar barada kelam agyz söz aýtmaýar.

Türkiýäniň Göç edarasynyň iýulda çap eden maglumatlaryna görä, geçen ýyl bu ýurda göçüp gelen daşary ýurtlularyň iň köp ikinji bölegini, 13,8 göterimini türkmenistanly migrantlar düzýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG