Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda neşe maddalary bilen ilteşikli Türkmenistanyň iki raýaty tussag edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň Stambul şäherinde neşe maddalary bilen ilteşikli üç adam, şol sanda Türkmenistanyň iki raýaty tussag edildi. Bu barada türk media serişdeleri habar berýär.

"Haberler.com" neşiriniň Stambulyň polisiýa müdirligine salgylanyp, 7-nji sentýabrda çap eden habaryna görä, polisiýa işgärleri Ataşehir etrapçasynda köçede neşe maddalaryny satýan satyjylara garşy operasiýa geçirdi.

"Operasiýada Ýunus Emre I. we Türkmenistanyň raýatlary Meýlis A. we Aýna E. atly şübheliler tussag edildi. Gözleg işlerinde 67,44 gram geroin maddasy ele salyndy" diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle-de, gözleglerde 12,50 gram metamfetamin, 10,10 gram neşe goşundyly madda, 30 sany neşe serişdesi, 1 sany terezi, 1 mobil telefon we bikanun neşe gaçakçylygyndan alnandygy aýdylýan 395 türk lirasy, ortaça 52 amerikan dollary hem ele salyndy.

"Şübheliler polisiýa bölüminden kazyýete geçirildi" diýlip, türk neşiriniň maglumatynda tussag edilenleriň soňky ykbaly barada hiç zat aýdylmaýar.

Azatlyk Radiosy bu barada Stambulyň polisiýa müdirliginden we Ataşehir etrap polisiýa bölüminden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Belläp geçsek, bu Türkiýede türkmen raýatlary bilen bagly soňky iki hepdäniň dowamynda peýda bolan bäşinji habardyr.

29-njy awgustda türk mediasy ýurduň Antalýa welaýatynyň Manawgat şäherçesinde galp amerikan dollary bilen söwda etmekde güman edilip, bäş türkmen raýatynyň tussag edilendigini mälim etdi.

28-nji awgustda "Milliyet" neşiri Türkiýäniň Stambul şäherinde türkmenistanly bir aýalyň, 35 ýaşly Arzu Gül Komekowanyň türk raýaty tarapyndan atylyp öldürilendigini habar berdi.

23-nji awgustda Haberler.com neşiri Stambul şäheriniň Pendik etrabynda türkmenistanly bir aýaly palta bilen öldürmekde güman edilýän türkmen raýatynyň tussag edilendigini aýtdy.

22-nji awgustda Sondakika.com neşiri Burdur şäherinde 17 müňden gowrak galp türk lirasynyň ele salynmagy bilen bagly tussag edilen alty adamdan biriniň Türkmenistanyň raýatydygyny mälim etdi.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar, işsizlik bilen baglylykda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sany görnetin artdy. Türkiýe türkmen migrantlarynyň iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň başyny çekýär.

Türkiýäniň Göç edarasynyň iýulda çap eden maglumatlaryna görä, geçen ýyl bu ýurda göçüp gelen daşary ýurtlularyň iň köp ikinji bölegini, 13,8 göterimini türkmenistanly migrantlar düzýär.

Türkmen hökümeti daşary ýurtlara giden raýatlaryň sany barada takyk maglumatlary mälim etmeýär. Ýurduň resmi metbugaty hem, türkmen raýatlary barada daşary ýurt media serişdelerinde çykýan habarlar hakda mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG