Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 800-den gowrak tussagy türmeden boşatdy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 815 bendiniň, şol sanda üç daşary ýurt raýatynyň günäsini geçdi.

Döwlet baştutany bu baradaky karara 24-nji sentýabarda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çekdi.

"Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurdumyzyň baş baýramynyň öňýanynda günäsini geçýäris... Asylly däbimize eýerip, iş kesilen 812 raýatymyzyň hem-de üç daşary ýurt raýatynyň... günäsini geçmek barada permana gol çekjek" diýip, Berdimuhamedow "Watan" habarlar gepleşiginde görkezilen maglumatda aýtdy.

Resmi habara görä, günä geçiş Türkmenistanyň “Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli” geçirilipdir.

Döwlet eýeçiligindäki media, öňki ýyllarda bolşy ýaly, döwlet baştutanynyň welaýat, etrap häkimlerine, beýleki pudak ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň iş bilen üpjün edilmegine kömek etmegi tabşyrandygyny hem nygtady.

Emma öňki bendileriň sözlerine görä, olar iňňän seýrek ýagdaýda işe ýerleşmegi başarýarlar, tersine öňki tussaglar polisiýanyň gözegçiliginde saklanýarlar we dürli kemsitmelere sezewar edilýär.

Ýylyň dowamynda birnäçe gezek günä geçişi yglan etmek çäresi, prezident Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geçeli bäri ýylda birnäçe gezek baýramçylyklaryň öňüsyrasynda geçirilýär.

Ýöne türkmen hökümeti ozalky tussaglaryň işe ýerleşdirilişi, olaryň näçesiniň soň işsizlik zerarly gaýtadan jenaýata baş goşýandygy barada maglumat bermeýär. Türkmenistanda yglan edilýän günä geçişlerde türmeden çykýan bendileriň atlary hem köpçülige mälim edilmeýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda syýasy we dini sebäplere görä tussag edilenleriň günä geçişlerde köplenç goýberilmeýändigini aýdýarlar. Halkara guramalarynyň türkmen türmelerinde dereksiz ýiten tussaglar barada ýöredýän sanawlarynyň düzümi ýylyň-ýylyna diýen ýaly artýar.

Türme boýunça barlaglaryň halkara merkeziniň (ICPS) 2017-nji ýyla degişli maglumatlarynda Türkmenistanyň tussaglaryň sany boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda Seýşel adalaryndan, ABŞ-dan we Salwadordan soň üçünji ýerde durýandygy aýdylýar. Maglumata görä, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň aýagyna çenli Türkmenistanyň türmelerinde 30452 tussag saklanypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG