Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hukuk goraýjylar 'türmesi tussagdan doly' Türkmenistany halkara ülňülerine çagyrýarlar


Dini ynançlary üçin tärmä basylan iki dogan.

Dini guramanyň wekiliniň ýazmagyna görä, Türkmenistanda dini ynançlary sebäpli azatlykdan mahrum edilen on türkmenistanly bar. Emma Türkmenistanda hakykatda, dini ynançlary bilen baglylykda, gümürtik aýyplamalar astynda, has köp adamyň türmede saklanylýandygy aýdylýar. 

Türkmenistan dini ynançlary esasynda eline ýarag alyp, harby gulluk etmekden boýun gaçyran raýatlaryny türmä basmagyny dowam etdirýär, halkara hukuk toparlary sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtda alternatiw raýat gullugyny döretmek baradaky çagyryşlaryny dowam etdirýärler.

Türkmenistan kanun boýunça dünýewi, hukuk döwleti we bu ýerde her bir adamyň öz islän dinine ynanmak ýa-da hiç bir dine uýmazlyk hukugy bar. Emma muňa garamazdan, Türkmenistan dini azlyklaryň wekillerini, şol sanda yslam dinine uýýanlary ýanamakda, dini azatlyklary basgylamakda yzygiderli tankyt edilýär.

Ýöne bu tankyt ýa-da çagyryşlar, ynanjy sebäpli harby gullukdan ýüz öwrenleriň şol bir aýyplama astynda ikinji gezek jezalandyrylýandygy baradaky maglumatlardan çen tutulsa, resmi Aşgabady kän biynjalyk edýäne meňzemeýär.

Ýehowa şaýatlary guramasynyň metbugat wekili Jarrod Lopesiň Azatlyk radiosyna habar bermegine görä, türkmen sudy ýene iki türkmenistanlyny dini ynanjy sebäpli türme tussaglygyna höküm etdi, iki dogan Saburowlar indi şol bir aýyplamalar esasynda ikinji gezek jezalandyrylýar.

7-nji awgustda gelen habara görä, Ýehowa şaýatlary guramasy 6-njy awgustda türkmen sudunyň iki dogany, 21 ýaşyndaky Eldor Saburow bilen 25 ýaşyndaky Sanjarbek Saburowy iki ýyl türme tussaglygyna höküm edendigini anyklady. Iki dogan dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyrandygy üçin jezalandyrylýar.

Dini guramanyň wekiliniň ýazmagyna görä, häzir Türkmenistanda dini ynançlary sebäpli jenaýatda aýyplanan we azatlykdan mahrum edilen on türkmenistanly türmede otyr. Emma Türkmenistanda hakykatda, dini ynançlary bilen baglylykda, gümürtik aýyplamalar astynda, has köp adamyň türmede saklanylýandygy aýdylýar.

Iki dogan Saburowlaryň Türkmenistandaky kynçylyklary öňräkden bäri dowam edýär. Dini guramanyň maglumatyna görä, Sanjarbek Saburow ilkinji gezek 2016-njy ýylda harby gulluga çagyryldy we eline ýarag alyp, harby gulluk etmekden ýüz öwürdi. Munuň üçin ony sud etdiler we günäli bilip, iki ýyl şertli tussaglyga höküm etdiler.

Öz agasy ýaly, Eldor hem harby gullukdan boýun towlady. Netijede, ol hem döwlet öňünde günäli tapyldy we, aýlygynyň 20 göterimini döwlete tölemek şerti bilen, iki ýyllyk zähmet düzedişine höküm edildi.

Türkmenistanyň kanunlaryna görä, harby gullukdan boýun gaçyrýan raýatlar ikinji gezek jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinýär. Emma muňa garamazdan, şu ýylyň aprelinde harby gulluga çagyrylan iki dogan ikinji gezek hem harby gullukdan ýüz öwürdi. Netijede olar jenaýat jogapkärçiligine çekildi we tussag edildi diýip, Ýehowa şaýatlary guramasynyň wekili ýazýar.

Aýdylmagyna görä, iki ýaş ýigidiň türmä basylmagy olaryň maşgalasyna, oba ýerinde daýhançylyk bilen güzeran aýlaýan ene-atasyna urlan agyr zarba boldy.

“Kakalary ýarawsyz, dowamly bilagyrysyndan ejir çekýär we işlemek mümkinçiligi pes. Iki dogan pagta ýetişdirip, maşgala goldaw berýärdi. Indi olar tussaglykda, ene-atalaryna zerur bolan maddy goldawy berip bilmezler. Muňa derek, olaryň ene-atasy indi türmede oturan ogullarynyň zerurlyklary barada alada etmeli bolar” diýip, Ýehowa şaýatlary guramasynyň metbugat wekili Jarrod Lopesiň Azatlyk radiosyna ýazan hatynda aýdylýar.

Hatda aýdylmagyna görä, mundan öňki iş kesilen ýehowa şaýatlary ýaly, Saburow doganlar jemgyýete, döwlete gulluk etmekden boýun gaçyrmaýarlar özleriniň we alternatiw raýat gullugyna taýýardyklaryny aýdýarlar. Emma türkmen häkimiýetleri häzire çenli bu hili haýyşlary ret edýär we türmä basmak praktikasyny ulanýar.

Jarrod Lopesiň pikiriçe, golaýda özüniň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýän Türkmenistanyň bitarap pozisiýa eýeleýän raýatlaryny gazaply jezalandyrmagy halkara hukuk toparlarynyň çagyryşlaryna düýpden ters gelýär.

“Halkara adam hukuklary guramalary türkmen ýolbaşçylaryny dini ynanjyna görä harby gullukdan boýun gaçyrýanlary tussag etmegi bes etmäge we hökmany harby gulluga alternatiwa bermäge çagyrdy. Biz Türkmenistanyň basym kanunlaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän üýtgetmeleri girizer we parahat ýigitleriň gereksiz tussag edilmegini bes etmegine umyt baglaýarys” diýip, Jarrod Lopesiň hatynda aýdylýar.

Halkara ekspertleri näme pikir edýär?

Eýsem, Türkmenistandaky dini ynançlar we harby gulluk meselesi barada halkara ekspertleri nähili pikirde?

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watc” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denberiň pikiriçe, “Türkmen häkimiýetleri Eldor we Sanjarbek Saburowlara bildirilýän jenaýat aýyplamalaryny derrew ýatyrmaly”.

Ol bu işiň BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň rekomendasiýa-maslahatlary esasynda, ynançlary sebäpli harby gulluk edip bilmeýän adamlara alternatiw, raýat gullugy şertlerini teklip etmek bilen amala aşyrylmalydygyny aýdýar.

“Şeýle-de, olar wyždan azatlygy baradaky hukuklaryny ulanandyklary üçin tussagda saklanylýan beýleki ýehowa şaýatlaryny azatlyga çykarmaly” diýip, R.Denber aýdýar.

Kennan institutynyň işgäri, Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen Edward Lemonyň pikiriçe, Türkmenistan ýapyk döwlet bolmak bilen, dünýäde adam hukuklary boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň biri we, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolşy ýaly, bu ýurtda hökmany harby gulluk çagyryşlaryna daýanýan goşun bar.

“Kanun boýunça 18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky her bir erkek raýat, esasly sebäpleri bolmasa, harby gulluk etmäge borçly edilýär. Ynanç esasynda gullukdan ýüz öwürmek esasly sebäp hasaplanmaýar we gulluk etmekden gaça duranlar iki ýyl azatlykdan mahrum edilip biler. Türme şertleri adamkärçilik kadalaryna sygmaýar we adalat ulgamynda adam gynamalary giňden ulanylýar” diýip, Lemon aýdýar.

“Serhetsiz adam hukuklary” guramasynyň direktory Willy Fautre hem öz guramasynyň türkmen sudunyň iki sany parahatçylykly ýehowa şaýadyny dini ynançlary sebäpli harby gullukdan ýüz öwrendigi üçin iki ýyl azatlykdan mahrum etmek kararyndan juda lapykeç bolandygyny aýdýar.

“BMG-niň Adam hukuklary komiteti soňky birnäçe ýylda şu hili sebäpler esasynda türme tussaglygyna höküm edilen 15 ýehowa şaýadynyň peýdasyna 13 karar çykardy” diýip, guramanyň direktory aýtdy.

“Serhetsiz adam hukuklary" Türkmenistanyň häkimiýetlerini bu mesele baradaky kanunlaryny gyssagly suratda halkara ülňülerine laýyk getirmäge we şol bir wagtyň özünde dini ynanjyna görä harby gullukdan boýun gaçyrýanlaryň hökümine moratoriýa girizmäge çagyrýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistan garaşsyz ýurt bolaly bäri sebitde öz raýatlaryny barha kän türme basmak, şol bir wagtda-da ýurtdaky işsizligiň we jenaýatçylygyň derejesini, tussaglaryň anyk sanyny, türme şertlerini ýaşyryp saklamak bilen tapawutlanan ýurtlaryň biri boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 45-nji maddasynda şeýle diýilýär: “Adam öz-özüne ýa-da ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermäge mejbur edilip bilinmez. Psihiki ýa-da fıziki zorluk ulanmak, şeýle hem gaýry bikanun usullar bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýokdur.”

Emma muňa garamazdan, soňky onýyllyklaryň tejribesi Türkmenistanda adamlaryň öz-özlerine we ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme, düşündiriş bermeginiň adaty zada öwrülendigini görkezýär. Bu ýagdaýy türkmen döwlet TW-si hem, öz reportažlary esasynda, wagtal-wagtal tassyk edýär.

Şeýle-de, ozalky tussaglaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda polisiýa, howpsuzlyk işgärleri tarapyndan saklanan raýatlar köplenç “psihiki ýa-da fıziki zorluk ulanmak” esasynda erbet gorkuzylýar, “bikanun usullar bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýok” diýilýän bolsa ullakan ýalan bolmagynda galýar.

“Türkmenistanda ol ýa-da beýleki kanuny bozmakda aýyplanýan, tussag astyna alnan islendik raýata ozaly ýüklenýän gänäni ak ýürekden boýun almak we toba etmek teklibi edilýär, bu özüňe garşy görkezme bermek diýmek. Türmede adamy hökman urup-ýençmek hökman däl, aç, suwsuz saklamak, ukusyny bermezlik, sowukda, yssyda horlamak ýaly usullar hem bar. Iň erbedi, özüne garşy düşündiriş bermekden boýun gaçyrýan adamlar çagalary, maşgalasyna bir zat bolmak ähtimallygy bilen gorkuzylýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ozalky tussag Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň pikiriçe, eger Türkmenistan hakykatdan hem hukuk döwleti boljak bolsa, soňky otuz ýylda türmeden geçen türkmenistanlylaryň işleriniň her tarapdan ýörite öwrenilmegi, arhiwleriň açylmagy zerur.

“Türkmen türmesi, ilatyň ýyl-ýyldan garyplaşmagy bilen, halkyň azatlyklaryna, hukuk döwletini gurmagyna garşy ulanylýar. Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow öz wagtynda okuwçylary türmelere aýlap, tussaglary görkezmegi teklip edipdi. Şol bir wagta-da ol aýlyklary pes saklady, daşary ýurt kompaniýalarynyň türkmenlere köp aýlyk bermezligini, olary ‘azdyrmazlygyny’ sorady. Bu syýasata baha berilmedi. Ikinji tarapdan, türmelere kän adam basylmagy we amnistiýalary köpeltmek, bu meselede aýdyňlyga ýol bermezlik korrupsiýany köpeldýär” diýip, ozalky tussag aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG