Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, ÝB kanun çykaryjylary Lukaşenkany syýasy tussaglary boşatmaga çagyrýar


Minsk. Tussag edilýän protetçi. 19-njy sentýabr, 2020.
Minsk. Tussag edilýän protetçi. 19-njy sentýabr, 2020.

Ýewropaly we demirgazyk amerikaly kanun çykaryjylaryň ýüzlerçeçi Aleksandr Lukaşenka hat ýazyp, ondan syýasy tussaglaryň derhal boşadylmagyny talap etdi. Bu hat Belarusdaky demonstrantlaryň gazaply basylyp ýatyrylmagyna garşy bildirilýän gahar-gazabyň Günbatarda nähili giň ýaýrandygyny görkezýär.

29 ýurtdan 270 kanun çykaryjy Mariýa Kalesnikawanyň we onuň oppozisiýadaky Utgaşdyryjy geňeşdäki iki egindeşiniň tussag edilmeginden alada bildirdiler. Bu Geňeş Belarusda 9-njy awgustda geçirilen dawaly saýlawdan soň, häkimiýetiň parahatçylykly geçmegine ýardam bermek maksady bilen döredildi.

Şeýle-de olar amerikan we belarus raýaty, syýasy strateg, ABŞ diplomatynyň adamsy Witaliý Şklýarowyň iýul aýynda tussag edilmegine alada bildirdiler.

Kanun çykaryjylar "Ýewropada azatlygy, demokratiýany we adam hukuklaryny gorap saklamaga we berkitmäge berk ygrarlydyklaryny" aýtdylar.

Ýazylan hatda Kalesnikawadan başga, Utgaşdyryjy geňeşiň Maksim Znak we Ilýa Saleý ýaly agzalarynyň hem atlary tutulýar.

Bu üç syýasatçy Lukaşenkanyň ýurtda Sowet Soýuzy dargaly bäri turan iň uly syýasy protestleri basyp ýatyrmak synanyşyklarynyň çäginde, müňlerçe demonstrant bilen bilelikde tussag edildi.

Şu aralykda ABŞ-nyň, Angliýanyň, Kanadanyň belarus resmilerine garşy sanksiýa yglan etmek ähtimallygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG