Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan türkmenleri we “Talybanyň” aýdym-saz gadagançylygy


Illýustrasiýa suraty. Owganystanyň Mazary Şerif şäheriniň eteginde ýerleşýän bir köprüden aýal-gyzlar geçip barýar.
Illýustrasiýa suraty. Owganystanyň Mazary Şerif şäheriniň eteginde ýerleşýän bir köprüden aýal-gyzlar geçip barýar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Demirgazyk Owganystanda, etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Farýab welaýatynda, “Talybanyň” aýdym-saza girizen gadagançylygy barada gürrüň gozgaýar.

Gepleşik Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň maglumatlary esasynda, hem-de Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň beren gürrüňleri esasynda taýýarlanyldy.

22-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy demirgazyk Farýab welaýatynda aýdym-saza girizilýän gadagançylyk barada makala çap etdi. Makala ýerli aýdymçylara, sazandarlara, din wekillerine we hökümet resmilerine salgylanyp, Owganystanda, hususan-da “Talybanyň” gözegçilik edýän ýerlerinde aýdym-saza girizilýän gadagançylyk barada gürrüň berýär.

Owgan türkmenleri we “Talybanyň” aýdym-saz gadagançylygy
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

“Talyban” gözegçiliginiň fonunda hem-de ýerli konserwatiw din wekilleriniň garşylygynyň arasynda demirgazyk Farýab welaýatynda Hekmatullah Altaf atly aýdymçy indi toýlarda ýa-da çykyşlarda aýdym ýerine ýetirip bilmeýär diýip, makala aýdýar. Aýdym-saza, şagalaň-şüweleňe girizilýän gadagançylyk Owganystanyň dürli sebitlerinde täzeden güýçlenip başlady.

“Maňa toýlarda we oturylyşyklarda aýdym-saz ýerine ýetirmezlik duýduryldy” diýip, Altaf Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna gürrüň berdi. “Öňler bize aýal-gyzlaryň geçirýän çärelerinde aýdym-saz ýerine ýetirmäge rugsat berilmezdi, indi bolsa, bize hatda erkek adamlaryň öňünde hem aýdym ýerine ýetirmek gadagan edildi” diýip, ol sözüne goşdy.

Ol özüne azar berýän adamlaryň adyny aýtmakdan juda gorkýandygyny aýdýar. “Käbir dindar adamlar bu ýerde aýdym-sazyň ösmegine rugsat bermeýärler. Olar sungaty erbet täsir hökmünde görkezýärler” diýip, Altaf gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň “Talybandan” kommentariýa almak synanyşygy başa barmady. Ýöne Farýab welaýatynyň Ulamalar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Mawlawi Gulam Nabi dabaralarda aýdym-saza özleriniň garşylygy barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Ol yslam kanunlarynyň toýlarda diňe “daf” atly deprek çalmaga rugsat berýändigini gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy bilen gürrüňdeşlikde din wekili owgan toýlarynda häzir çalynýan sazlara rugsat bererlik däldigini, Owganystanda aýdym aýtmaklygyň ähli görnüşiniň ýitip gitjek gününe özüniň sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny gürrüň berdi. Nabi ýaly din wekilleri “Talybanyň” gözegçilik edýän territoriýalary bilen hökümet gözegçiligindäki ýerleriň arasynda erkin hereket edip bilýän sanagly adamyň hataryndadyr.

Owgan türkmenleri gyzlaryň bilim almagyna ünsi artdyrýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady aýdym-saz gadagançylygy barada şeýle gürrüň berdi:

“Demirgazyk Owganystanda soňky günlerde howpsuzlyk şertleri has ýaramazlaşdy. Jeňçiler obalarda-da hereket edýär. Şonuň üçin, medeniýet işgärlerine, aýdymçylara toý-baýramlarda aýdym aýtmak jeňçiler tarapyndan gadagan edildi. Demirgazyk Owganystanyň hemme welaýatlarynda şeýle ýagdaý. Türkmen obalarynda, hususan-da toýlarda aýdymçylaryň aýtmak aýtmak mümkinçiligi ýok. Jeňçiler toýlarda diňe göreş tutmak, ýa woleýbol, futbol ýaly oýunlary oýnamaga rugsat beräýmeseler, aýdym-saz ýerine ýetirmäge rugsat bermeýärler. Şu kynçylyklar bar, toýlarda şatlyk, şagalaň etmäge mümkinçilik ýok. Jeňçiler tarapyndan şol gadagan edildi. Öň “Talyban” režimi döwründe-de şeýle gadagançylyk bolupdy. Häzir ýene şol öňki ýagdaý ýüze çykdy. Aýdymçylar aýdym-saza gatnaşyp, aýdym-saz ýerine ýetirip bilenok” diýip, Myrady aýtdy.

Farýab welaýaty ýaşaýjylary diýdimzor “Talybanyň” çärýek asyr mundan ozal aşa yslamçy režimiň amal eden ahlak gözegçiligine meňzeş barha ýokarlanýan çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýan owgan welaýatlarynyň iň soňkusydyr. Awgust aýynda Talyban şeýle çäklendirmeleri Owganystanyň Gazni welaýatynda-da güýje girizdi.

Öz garşydaşy bolan “Yslam döwleti” jeňçilerinden üstün çykandan soň, häzir “Talyban” Farýab welaýatynyň 14 töweregi etrabyna gözegçilik edýär we galan böleklerine gözegçilik etmek ugrunda owgan hökümeti bilen bäsleşýär. Aýdym-saz gadagançylygy, hususan-da köpçülikde janly ýerine ýetirilýän aýdym-saz gadagançylygy “Talyban” çäklendirmeleriniň başynda gelýär. Şeýle-de, “Talyban” sakgal syrylmagyny gadagan edýär, moda we saç timarlamak işlerini düzgünleşdirýär. Owganystanyň käbir künjeklerinde “Talyban” aýal-gyzlaryň bilim almagyny, işe durmagyny we olaryň hereketini eýýäm çäklendirip başlady. Şeýle meseleleriň “Talyban” bilen owgan hökümetiniň arasynda Kataryň paýtagty Dohada dowam edýän parahatçylyk gepleşiklerinde möhüm orny eýelemegine garaşylýar.

Şamerdanguly Myrady “Talybanyň” gepleşiklerde maýylganlyk wadalary we güýçlendirýän aýdym-saz çäklendirmeleri barada gürrüň berdi.

Farýabyň ýaşaýjylary owgan hökümeti tarapyndan dolandyrylýan sebitlerde ýagdaýyň düýpgöter başgaçadygyny aýdýarlar. Golaýda owgan güýçleri tarapyndan gaýtadan ele geçirilen Garamköl, Gurgan we Andhoý etraplarynyň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň owgan gullugyna özleriniň şahsy ýygnanyşyklarda saz gurallaryny çalmak mümkinçiligine gaýtadan eýe bolandyklaryny gürrüň berdiler.

Ýöne umumy ýagdaý ýaramazlaşýar. Birnäçe ýyl mundan ozal Farýab welaýatynda konsertler adaty zatdy, ýöne şeýle çäreler “Talybanyň” hem-de aşa dinçi din wekilleriniň köpçülik ýerlerinde aýdym-sazlaryň ýerine ýetirilmegini gadagan etmegi sebäpli, hem-de olaryň aýdym-saza garşy çykmagy sebäpli häzir tas bes edildi.

“Biz hem musulman. Ýöne biz öz dabaralarymyzyň şatlykly geçmegini isleýäris” diýip, Altaf atly aýdymçy aýdym-sazyň zerurlygyny gürrüň berdi.

Ol Farýab welaýatynda ýerli hökümet resmileriniň aýdymçylary we sazandarlary gorap bilmeýändiklerini, olara goldaw berip bilmeýändiklerini aýdýar. “Men öz janymy alada edýärin, sebäbi howpsuzlyk güýçleri maňa şu wagta çenli heniz gorag hödürlemedi” diýip, aýdymçy aýdýar. Ol Farýab welaýatynyň paýtagtynda, Maýmana şäherinde ýaşaýar.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady etniki türkmen ýaşlarynyň arasynda aýdym-saza bolan gyzyklanmanyň ýokarydygyny, olaryň estrada aýdymlara höwes edýändiklerini, ýöne olaryň we bagşylaryň işjeňliginiň çäklendirmeler sebäpli pese gaçandygyny gürrüň berdi.

“Hususan-da ýaşlardan köp täze-täze aýdymçylar döredi. Olar türkmen dilinde aýdym aýdyp, özleriçe, (Owganystanda aýdym-saz ugrundan institut ýa-da okuw jaýy ýok) emma şoňa garamazdan, özünden-özleri öwrenip, ýerli ussatlardan öwrenip, aýdym aýtmagy, saz çalmagy öwrenýän ýaşlar juda köp, aýdym-saza gyzyklanma gaty kän. Aýdym-saz diňleýänler hem bar, aýdym-saza juda höwes köp. Olar estrada aýdymlaryny türkmençe aýdýarlar, ýöne halk aýdymlary bilen meşgullanýan aýdymçylar hem bar. Mysal üçin Anna bagşy bar, başga-da birnäçe bagşy bar. Ol bagşylar hem toýlara gatnaşýardylar, aýdym-saz ýerine ýetirip berýärdiler, ýöne häzir şolar hem indi öýde oturýan boldular, öýlerinden çykyp bilenoklar, aýdym-sazlara-da gatnaşyp bilenoklar. Öňler Anna bagşy dagy Demirgazyk Owganystanyň welaýatlarynda oba-oba gezip, toý-tomaşalara gatnaşyp, aýdym-saz aýdyp berýärdi. Häzir, indi şol hem aýagyny üzdi. Şoňa gatnaşyp bilenok. Çünki, jeňçiler tarapyndan howp abandyrylýar, gysyş görkezilýär. Ol häzir Hyrat welaýatynda, Hyrat şäherinde ýaşaýar, Anna bagşy. Ondan başga-da ençeme bagşy türkmen halk aýdym-sazlary bilen meşgullanýar, şolar hem aýdym-saz ýerine ýetirip bilenok. Ýagdaýlar köp agyrlaşdy. Aýdym-saz ýerine ýetirmäge mümkinçilik berenok. Aýdym-saz etjek bolsaň, onuň öňüni alýarlar. Ondan soň, mollalar hem, ýerli metjitleriň ymamlary hem “aýdym-saz etmäň, ony “Talybanlar” kän gowy görenok” diýip, düşündiriş berýär, gorky berýär. Şonuň üçin hem [aýdymçy-sazandarlar] aýdym-saz ýerine ýetirip bilenok, toý edýän adamlar hem aýdymçylary çagyryp bilenok” diýip, Myrady aýtdy.

Farýab welaýatynyň “Talyban” gözegçiligindäki böleginde ýaşaýan beýleki bir aýdymçy, Şahbuddin Rababnawaz “Talybanyň” basyşlary sebäpli özüniň aýdym-sazy taşlamaga mejbur bolandygyny aýdýar. Ol özüniň eý görýän saz guralyna, “rababa”, üç ýyl bäri elini degirmändigini gürrüň berýär.

“Ýa jandan geçmeli, ýa-da sungatdan” diýip, Rababnawaz Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna gürrüň berdi. “Diri galmak sungatdan has möhüm. Goşýan goşantlarymyz üçin bize minnetdarlyk bildirilmegine derek, biz gorkuzmalara we haýbatlara sezewar bolýarys” diýip, ol aýtdy.

Şamerdanguly Myrady “Talybanyň” gözegçiligindäki şäherlerde-de aýdymçylara howp abanýandygyny aýdyp, oba ýerlerinde aýdymçy-sazandarlaryň aýdym-saz bilen meşgullanmaga mümkinçilikleriniň ýokdugyny, sazandarlaryň öz saz gurallaryny gizläp saklaýandyklaryny gürrüň berdi:

“Oba ýerlerinde hiç bir aýdym aýtmaga mümkinçilik ýok. Köp ýerlerde aýdymçylar saz gurallaryny ýygşyryp goýdular. Käbir aýdymçylar daşary ýurtlara gidip, hususan-da Türkiýä gidip, türkmen aýdymçylary şol ýerlere baryp, aýdym-saz edip gelýär, ýöne Owganystanyň içinde aýdym-saz ýerine ýetirmek kynlaşdy” diýip, Myrady aýtdy.

Owganystanyň Maglumat we medeniýet ministrliginiň Farýab welaýaty boýunça bölüminiň başlygy Gulam Sahy Baýan aýdymçylara we sazandarlara gadagançylyk girizmekde birnäçe ýerli din wekiliniň pitneçilere goşulandygyny gürrüň berýär. “Din wekilleri olara aýdym-saz ýerine ýetirmäge rugsat bermeýär” diýip, Baýan Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna gürrüň berdi.

Ol Farýab welaýatynda aýdymçy-sazandarlaryň ýerli medeniýete goşant goşandyklaryny, ýöne häzir welin olaryň öz günlerini görüp bilmeýändiklerini gürrüň berdi. “Olaryň käbiri ýurdy terk etmäge mejbur boldy” diýip, Baýan aýtdy.

Baýan häkimiýetleriň az kömek berýändigini aýdýar. “Şu wagta çenli biz olara köp ýardam berip bilemizok, sebäbi bizde pul ýok” diýip, ol aýdýar.

Owgan hökümetiniň wekilleri we “Talyban” şu aý çylşyrymly parahatçylyk gepleşiklerine başlan mahaly, Farýabyň sazçylary parahatçylyk prosesi öz janlaryny hem-de sungat azatlygyny gorar diýip, umyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG