Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Freedom House: Pandemiýa bütin dünýäde demokratiýa krizisini çuňlaşdyrýar


Freedom House: Geçiş döwletleri - 2020

Hökümetleriň saýlawlary bökdemegine, tankytçylary we metbugaty basyp ýatyrmagyna şert döredip, adam hukuklaryny goramak we saglyk hyzmatlaryny elýeterli etmek üçin zerur bolan jogapkärçiliklerini peseldip, COVID-19 pandemiýasy demokratiýa krizisini çuňlaşdyrdy diýip, Azatlyk öýi guramasynyň 2-nji oktýabrda çap eden hasabatynda aýdylýar.

Pandemiýa başlaly bäri geçen wagt içinde dünýäniň 80 ýurdunda demokratiýa we adam hukuklary ýagdaýy erbetleşdi diýip, düýbi ABŞ-da ýerleşýän we dünýä boýunça demokratiýa gözegçilik edýän Azatlyk öýi guramasynyň GQR gözleg firmasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan “Petikleniş asyndaky demokratiýa” ady bilen çap eden hasabatynda bellenýär.

Hasabatda pikir soralan hünärmenler kynçylykly ýa-da çytraşýan demokratiýalarda we aşa repressiw döwletlerde demokratiýa çökgünliginiň has ýiti duýlandygyny aýtdylar.

Şeýle-de hasabatda häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmagyň pandemiýa döwründe ozalam çetleşdirilen jemgyýetlere juda agyr derejede täsir edendigi aýdylýar.

Soraga gatnaşanlaryň 60 göteriminden gowragy pandemiýanyň gözegçilik edilýän ýurtlardaky syýasy hukuklara we raýat azatlyklaryna ýetirýän täsiriniň ýakyn üç-bäş ýyl üçin esasan negatiw bolmagyna garaşýandyklaryny aýtdy.

Bilermenler COVID-19 pandemiýasy döwründe dört sany ýiti meseläni ýüze çykardylar: hökümetiň aç-açanlygynyň we koronawirus barada maglumatyň bolmazlygy, korrupsiýa, ejiz ilat üçin goraglylygyň ýeterlik bolmazlygy we hökümetleriň ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmaklary.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG