Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jerime töläp bilmeýän raýatlar meýdanlarda ‘gul ýaly’ işledilýär


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistanyň dürli künjeklerinde polisiýa işgärleriniň ýüzi maskasyz adamlary saklamak, olara jerime salmak çärelerini güýçlendirendigi, kä halatlarda hiç hili resmi kwitansiýa düzmän, jerimäni şol ýeriň özünde töletdirýändikeri barada maglumatlar gowuşýar. Mundan başga-da, dürli sebäpler bilen saklanan raýatlaryň mejbury pagta ýygymyna çekilýändigi bellenilýär.

“Maryda polisiýa işgärleri awtobus duralgalaryna duýdansyz gelip, gorag maskasy bolmadyk adamlary saklap, şäheriň ‘Oguzhan’ köçesiniň ugrundaky polisiýa bölümine eltýärler. Maskasyz saklanan raýatlara mundan bir aý öň 21 manat möçberinde jerime ýazylan bolsa, indi olardan 51 manat talap edilýär. Saklanan raýatlara jerimäni şol ýeriň özünde, hiç hili resmi kwitansiýa düzmän töletdirýärler. Adamlar bu pullaryň resmi gazna däl-de, eýse polisiýa işgärleriniň öz jübüsine geçýändigi dogrusynda şübheleriniň bardygyny aýdýarlar” diýip, Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri 9-njy oktýabrda maglumat berdi.

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda hem polisiýa işgärleriniň duýdansyz dükanlara girip, maskasyz oturan söwdegärlerden, uly jerime ýazmak bilen haýbat atyp, para talap edýändikleri aýdylýar.

“Polisiýa işgärleri söwdegärleri 300 manat jerime ýazjakdyklary bilen gorkuzyp, muňa derek özlerine 100 manat möçberinde para bermeklerini talap edýärler. Alaçsyz söwdegärler muňa boýun bolýarlar” diýip, Türkmenabatdaky habarçymyz 9-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Mundan başga-da, gorag maskasy bolmadyk adamlar bilen bir hatarda, kaskasyz welosiped sürüjileriniň, nas bilen ýa-da serhoş ýagdaýda saklananlaryň, şeýle-de jaýlaryň ýerzeminlerinde ýaşaýan öýsüz-öwzarsyz adamlaryň hem köpçülikleýin ýagdaýda polisiýa bölümlerine eltilýändigi bellenilýär.

“Marynyň polisiýa müdirliginde ilki bilen bu adamlaryň mobil telefonlary ellerinden alynýar, soňra-da jerime tölemek soralýar. Eger-de saklanan raýatyň öz ýanynda puly bolmasa, onda oňa ýakynlaryna jaň edip, hemaýat soramaga hem mümkinçilik berilmeýär. Bu adamlary ‘Oguzhan’ etrabyna pagta ýygmaga iberýärler” diýip, bu ýagdaýlary öwrenen baýramalyly habarçymyz gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, her bir adama 40 kg möçberinde pagta normasy kesgitlenip, olar berk gözegçilik astynda işledilýärler.

“Pagta meýdanlarynda bu görnüşde onlarça adam, şol sanda ýaşulular, aýallar hem işledilýär. Olara edil gul ýaly çemeleşilýär. Gözegçilik edýän polisiýa işgäri dowamly paýyş sözleri bilen sögünýär, oturmaga, suw içmek üçin gyra çekilmäge hem rugsat bermeýär. Saklananlaryň arasyndan öýsüz-öwzarsyz ýarawsyz iki adama suw paýlamak tabşyrylýar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan habarçymyz gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň eden ençeme synanyşyklaryna garamazdan, ýokarky beýan edilen ýagdaýlar boýunça gürrüňi gidýän sebitleriň polisiýa edaralaryndan, şeýle-de häkimliklerinden hiç hili kommentariýa alyp bolmady.

Bellesek, bu çäreler içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewe berk käýinç berilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şol bir wagtda-da, bularyň Çakyýewe berlen käýinç bilen gönümel ilteşiginiň bardygyny ýa ýokdugyny tassykladyp bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG