Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda adamlaryň koronawirusdan ölmegi dowam edýär, hökümet saglyk işgärlerine ýeňillikleri bermek kararyny yglan edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda adamlaryň koronawirusdan ölmegi dowam edýär, olaryň arasynda resmiler hem bar. Bu aralykda ýurtda wirus keselleriniň öňüni almak boýunça çäreler ýene güýçlendirildi. Türkmenistanyň ýolbaşçysy bolsa saglyk işgärlerine goşmaça ýeňillikleri bermek kararyny yglan etdi.

Azatlygyň habarçylary ýurduň häkimiýetleri tarapyndan ýurtda bardygy resmi taýdan ykrar edilmeýän COVID-19 keseliniň alamatlary bolan näsaglykdan ölenler barada habar bermegini dowam etdirýärler.

Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, maldarçylyk pudagynda ýokary wezipelerde işlän 47 ýaşly öňki resmi 24-nji sentýabrda koronawirusdan aradan çykypdyr.

"Şu gün Nyýazowyň döwründe maldarçylyk ministriniň öňki orunbasary bolan adam koronawirusdan aradan çykdy. Ol soňky ýyllarda Oba hojalygy ministrliginiň maldarçylyk bölümine ýolbaşçylyk etdi. 1973-nji ýylda doguldy. Üç günläp döş agyrylaryndan zeýrenip, şu gün birden aradan çykdy. Ol dogduk mekany Gozgan obasynda jaýlandy. ýerli wagt bilen 18: 00-de" diýip, habarçymyz 24-nji sentýabrda habar berdi.

Azatlyk resminiň adyny we käbir jikme-jik ýagdaýlary mälim etmekden saklanýar. Habarçymyz ýogalan resminiň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gozgan obasyndandygyny belledi.

Azatlyk Radiosy öňki wezipeli adamyň ölüminiň sebäpleri barada resmi düşündiriş alyp bilmedi. Ýurduň häkimiýetleri, COVID-19 keseliniň global pandemiýasy başlaly bäri, onuň ýurda aralaşmagynyň mümkindigini inkär edýärler we koronawirus keseliniň henizem hasaba alynmadygyny aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylarynyň we garaşsyz metbugat çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, koronawirus bilen kesellän we ölen adamlar köpelýär, olaryň arasynda medisina işgärleri we resmiler bar.

Iýul aýynda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimi 55 ýaşly Hasan Metgulyýew aradan çykdy. Azatlygyň Türkmenabatdaky çeşmelerine görä, lukmanlar resminiň ölümine pnewmoniýanyň sebäp bolandygyny görkezipdir, ýöne merhumyň jesedi garyndaşlaryna plastik gapda gowşurylyp, şol gün Dänew etrabynda jaýlanypdy.

Ondan öň Aşgabadyň keselhanasynda türk diplomaty Kemal Uçkun aradan çykdy. Türkmen lukmanlary onuň ölümine-de pnewmoniýanyň sebäp bolandygyny aýtdylar. Emma 57 ýaşly diplomatyň öýkeniniň rentgen suratyny gören türk lukmanlary onuň ölümine 90-99% ätimallygy bilen COVID-19 keseliniň sebäp bolandygyny aýtdylar.

Türkmenistan, keseliň ýokdugyny aýdýan hem bolsa, beýleki ýurtlar bilen bir hatarda koronawirusyň ýaýramagyna garşy berk çäklendiriji çäreleri girizýär.

Soňky günlerde ilatyň ýurduň içinde hereketini çäklendirýän talaplar hasam güýçlendi.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, bu täzelik, beýleki welaýatlara barmak üçin aşgabatlylar we paýtagtda ýaşaýan welaýatlylar COVID-19 synagyndan geçmeli edildi. Testiň bahasy 100 manat. Ondan öň esasan paýtagta barmak üçin medisina barlaglary talap edilýärdi. Türkmenistan raýatlaryň ýurduň içinde hereket etmegi üçin saglyk resminamalaryny almak talabyny şu ýylyň mart aýynda girizdi, şondan bäri düzgünler yzygiderli üýtgedilýär.

Mundan başga-da, Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtda we töwereklerde wirusa garşy dermanlaryň köpçülikleýin ulanylmagynyň, ilatyň arasynda keseliň ýaýramagy sebäpli ýene-de güýçlendirilendigini habar berdiler.

Habarçymyz 24-nji sentýabrda "Ahal welaýatynyň birnäçe mekdebinde Orsýetde öndürilen "Grippferon" damjalarynyň mekdep okuwçylaryna mugt paýlanýandygyny habar berdi.

"Çagalar hemme ýerde kesel bolýarlar, 3-4 günläp öýde galýarlar, emma olardan saglyk resminamalaryny talap etmeýärler" - diýip 24-nji sentýabrda gürrüň beren habarçymyza günüň ertesi wirusa garşy bu dermanyň Aşgabadyň mekdeplerinde-de çagalara berlip başlandygy mälim boldy.

Wirusa garşy derman paýlanyşy, TDH döwlet habar gullugynyň web sahypasynda ilatyň immunitetini güýçlendirmek üçin serişdeleriň mugt üpjün edilýändigi we prezidentiň saglyk işgärlerine goşmaça ýeňillikleri bermek karary barada resmi habaryň çap edilmegine gabat geldi.

"COVID-19 biziň ýurdumyzda ýaýramagynyň ilkinji günlerinden başlap, adam immunitetini berkitmäge kömek edýän esasy lukmançylyk enjamlaryny mugt, üpjün etmek üçin işler gurnaldy" - diýip TDH ýurt ýolbaşçysyna salgylanyp, habar berdi.

Maglumatda COVID-19 agzalmazdan, Türkmenistanyň prezidentiniň saglyk işgärlerini höweslendirmek we "bu ýokançlyga garşy göreşde olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak" üçin saglyk işgärlerine goşmaça ýeňillikler bermek kararyna gelendigi aýdylýar.

Azatlyk hassalaryň saklanyşynyň we lukmançylyk işgärleriniň iş şertleriniň agyrlygy barada birnäçe gezek habar beripdi. Lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň COVID-19 karantin zonalaryna mejbury iberilmegi, şeýle hem saglyk işgärleriniň arasynda ölüm ýagdaýlarynyň köpdügi habar berlipdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri medisina işgärleriniň agyr iş şertleri we olaryň koronawirus bilen kesellemegi we ölýändigi barada hiç zat aýtman gelýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG