Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Hytaý port şäheriň 9 million ilatyny testden geçirýär


Hytaýyň Kingdao şäherinde adamlar koronawirus testinden geçmek üçin nobatda durlar. 12-nji oktýabr, 2020 ý.
Hytaýyň Kingdao şäherinde adamlar koronawirus testinden geçmek üçin nobatda durlar. 12-nji oktýabr, 2020 ý.

Hytaýda resmiler ýurduň gündogaryndaky Kingdao port şäheriniň ähli 9 million ilatyny koronawirus testinden geçirmegi planlaşdyrýarlar. Bu iki aý arakesmeden soňra, ýurtda COVID-19 bilen bagly ilkinji ýagdaýyň ýüze çykarylmagynyň arasynda bolup geçýär.

Hytaýda wirus ilki Wuhan şäherinde ýüze çykarylanyndan, pandemiýanyň başky döwürlerinden bäri, wirusa ýolugýanlaryň gündelik sany göz-görtele azalypdy.

Hytaý awgustdan bäri ýurduň öz içinde wirus bilen kesellänleriň täze ýagdaýlary barada maglumat bermändi. Emma halkara ekspertleri Hytaýyň tassyklanan we alamatlary bolmadyk ýagdaýlary biri-birinden aýry hasaba almak usulyýetine tankydy garaýarlar.

Hytaý 12-nji oktýabrda Kingdao şäherinde wirusyň 12 ýagdaýynyň ýüze çykarylandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG