Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Belarusa we Russiýa garşy täze sanksiýalaryň girizilip bilinjekdigini duýdurýar


ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell
ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell

Ýewropa Bileleşigi Belarusa we Russiýa garşy täze sanksiýalary taýýarlamak barada ylalaşyga geldi. Bu Bileleşigiň özüniň gündogar goňşy ýurtlaryndaky adam hukuklarynyň bozulmagy we demokratiýanyň çäklendirilmegi boýunça basyşyny güýçlendirýän wagtyna gabat geldi.

12-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen maslahatda 27 agzalyk Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Belarusda awgustda geçirilen saýlawlaryň “ne azat, ne-de erkin bolandygyny” ýene bir gezek tassykladylar, şeýle-de Aleksandr Lukaşenkanyň “hiç hili demokratiki kanunylygynyň ýokdugyny” aýdyp, oňa garşy hem çäklendirmeleriň girizilip bilinjekdigini duýdurdylar.

Mundan başga-da, ministrler Russiýada Kremliň tankytçysy Alekseý Nawanlynynyň awgustdaky zäherlenmegine ilteşikli bolmakda güman edilýän rus şahsyýetlerine garşy, Pariž we Berlin tarapyndan hödürlenýän, sanksiýalar taslamasyny goldadylar.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell ministrleriň Lukaşenka garşy hem sanksiýalary girizmek boýunça “syýasy ýaşyl yşyk” berendiklerini aýtdy.

Şu aýyň başynda, Bileleşik saýlawlardaky galplyklarda, şeýle-de protestçilere we oppozisiýa garşy repressiýalarda güman edilýän 40 belarus resmisine garşy syýahat gadagançylygyny girizmek we serişdelerini doňdurmak barada ylalaşypdy. Lukaşenka bu sanawa goşulmandy.

Borrel ministrleriň Nawalnynyň “janyna kast etmek synanyşygy” boýunça Fransiýa we Germaniýa tarapyndan hödürlenýän çäklendirmeleri kabul etmek boýunça hem “syýasy ylalaşyga” gelendiklerini sözüne goşdy. Indi degişli tehniki edaralar çäklendirmeleriň sanawyny düzerler.

XS
SM
MD
LG