Türkmenistanda mundan bir hepde gowrak ozal, 6-njy oktýabrda, “Aşgabat ýertitremesi” ady bilen taryha giren tebigy heläkçiligiň 72-nji ýyl dönümi boldy.
Her ýylyň 6-njy oktýabr güni Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär; onda watan hem-de ar-namys üçin gurban bolan şehitler, Jahan urşunda wepat bolan esgerler, hem-de Aşgabat heläkçiliginde aradan çykan adamlar hatyralanýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany 72 ýyl mundan ozal, 1948-nji ýylda 5-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra geçilen gije Aşgabatda bolan ýertitreme baradaky maglumatlara gönükdirilýär we bu heläkçilik barada şu wagta çenli jemgyýetçilige äşgär edilen hem-de edilmeýän maglumatlar dogrusynda türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirýär.
II Jahan urşunyň tamamlanmagyndan üç ýyl soň, heniz jemgyýet uruşda aldyran gerçekleriniň ýasyndan açylyp-açylmanka Aşgabadyň eteginde tebigy heläkçilik boldy.
- “Aşgabat ýertitremesi” baradaky jemgyýetçilige äşgär maglumatlar
- Milletiň başyna inýän umumy heläkçilikler halk hakydasyna, jemgyýetiň aňyna nähili täsir edýär? Heläkçilik jemgyýeti jebisleşdirýärmi?
- “Aşgabat ýertitremesinden” sapak alyp, Türkmenistanda häkimiýetler ýertitremelere, tebigy heläkçiliklere garşy, ýagny olaryň ýetirmegi ahmal zyýanyny minimuma düşürmek üçin nähili çäreleri görýärler?
Gepleşigi aşakdaky çelgiden diňläp bilersiňiz!