Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýumurtga nobaty ulalýar. Farapda ilatyň paýok almak işine täze çäklendirme girizilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda azyk harytlarynyň döwlet dükanlaryndaky üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler dowam edýän mahaly, Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlar gün-günden ulalýar. Lebap welaýatynda bolsa, häkimiýetler raýatlaryň döwlet dükanlaryndan paýok almak işine täze çäklendirme girizýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 20-nji oktýabrda habar berdi.

"Şu gün paýtagtyň döwlet dükanlarynyň öňünde ýüzden gowrak adam nobatda durdy. Nobatlar gün-günden ulalýar. Irden sagat 6:55-de "Desse" dükanynyň arka gapysyndan towuk ýumurtgasyny satyp başladylar. Satyjylar olary eýýäm taýýar görnüşinde getirýärler. Ýagny bir gezeklik paketleriň her birine 11 sany ýumurtgany salypdyrlar. 11 ýumurtga 5 manada satylýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, adamlar özaralarynda azyk üpjünçiliginiň günsaýyn erbetleşýändigini, ätiýaç üçin azyk ýygnamalydygyny aýdyp, bir dükandan towuk ýumurtgasyny satyn alandan soň, golaý-goltumdaky beýleki döwlet dükanlaryna ylgaýarlar.

"Türkmenistanda indi ýagty geljege we sosial abadançylyga ynanmaýandyklaryny aýdan adamlar "Desse" dükanyndan soň, Garryýew we Annadurdyýew köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän 42-nji belgili dükana ylgadylar. Bu ýerde ullakan nobat emele geldi" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Şondan soň nobata duran adamlaryň arasynda dörän dawa-jenjeller sebäpli satyjy aýal ilki nobata duran adamlara nägilelik bildirdi, soňra-da dükana polisiýa işgärleriniň kömege iberilmegini sorady.

"Satyjy aýal gohlaşýan adamlara ýüzlenip, "Siz nähili gadyr bilmez. Sizi saklamazlyk üçin gije ýatman, ýumurtgalary paketlere ýerleşdirdik. Ýöne siz adaty nobatda durup bilmeýärsiňiz" diýip, polisiýa jaň etdi. Ýöne telefona jogap beren polisiýa resmisi ýeterlik polisiýa işgäriniň ýokdugyny aýdyp, "Uruş bolmasa, ownuk zatlar üçin jaň etmäň" diýip jogap berdi" diýip, habarçy şaýat bolan ýagdaýyny gürrüň berdi.

Bu aralykda, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Magtymguly we Garaşsyzlyk (Pristin) obalaryndaky 55-nji we 21-nji döwlet dükanlarynda ilata paýok görnüşinde berilmeli arassalanmadyk pagta ýagy satyldy.

"Ilat 200 gram arassalanmadyk pagta ýagy satuwa çykaryldy. Bir öýde 10 adam bolsa, onda şol maşgala 2 litr ýag berildi. Türkmenistanda öndürilen bu ýagy almak üçin Farapda ýaşaýandygyň barada ilaty hasaba alyş bölüminden alnan kepilnamany we pasportyňy görkezmeli. Şeýle-de, maşgalada daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlar bolsa, olaryň paýok paýy berilmeýär" diýip, lebaply çeşme aýtdy.

Mundanam başga, ol Farabyň häkimiýetleriniň ilatyň döwlet dükanlaryndan paýok almak işine täze çäklendirme girizýändigini hem belledi. Indiki aýdan başlap raýatlardan maşgalanyň girdejisiniň deklarasiýasyny resmi derejede tassyklatmak we ony ýerli söwda edarasyna tabşyrmak talap edilýär.

"Raýatlaryň girdejisi 500 manatdan köp bolsa, paýok berilmeýändigi aýdylýar. Bu paýok un, ýag we arzan bahadan satylýan beýleki azyk harytlara degişli. Öň baý ýa-da garyp diýmän hemme adama satylýardy" diýip, habarçy sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabat şäher we Farap etrap häkimliklerinden, polisiýa müdirliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda indi üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň gytçylygy saklanyp galýar.

Raýatlar azyk harytlaryny döwlet dükanlaryndan satyn almaga ýykgyn edýär. Munuň sebäbi harytlaryň bazar nyrhy bilen döwlet dükanlaryndaky bahasynyň, ýagny amerikan dollarynyň döwlet kursy bilen "gara bazar" kursunyň arasyndaky uly tapawut bilen düşündirilýär.

Maglumat üçin aýtsak, hususy dükanlarda arassalanmadyk ösümlik ýagynyň 1 litri 60 manat, bir ýumurtga 1 manat 10 teňňe – 1 manat 20 teňňe aralygynda bahalanýar.

7-nji oktýabrda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy "döwletiň arzan bahadan goýberýän azyk önümleriniň pagta ýygylýan döwründe adamlary gorkuzmak üçin ulanylýan atgyr ýaraga öwrülýändigini" habar berdi.

Türkmen resmileri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary, şol sanda esasy iýmit önümleriniň üpjünçiliginde döreýän kynçylyklary aç-açan boýun almaýar. Türkmen hökümetiniň mejlislerinde ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigi, importuň ornuny tutýan önümleri öndürmek üçin ähli şertiň bardygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG