Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Azerbaýjany we Ermenistany ot açyşlygy bes etmek ylalaşygyna hormat goýmaga çagyrýar


Ermeni esgeri jedelli sebitiň üstünde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda dowam edýän söweşde ýarag göterip barýar. 18-nji oktýabr, 2020 ý.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howpsuzlyk Geňeşi bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitindäki ýagdaýlar boýunça 19-njy oktýabrda geçirilen ýapyk geňeşmelerden soň, Ermenistany we Azerbaýjany ot açyşlygy bes etmek boýunça täze ylalaşyga hormat goýmaga çagyrdy.

Şeýle-de, Geňeşiň 15 agzasy BMG-niň baş sekretary Antonio Guterrişiň ýaraşyga hormat goýmak barada taraplara eden ýüzlenmesini hem gaýtalady. AFP habar agentliginde sitirlenen bir diplomat ýagdaýyň erbetdigi, taraplaryň yza tesmelidigi hem-de olaryň ot açyşlygy bes etmek çagyryşlaryna eýermelidigi babatynda ähli agzalaryň ylalaşandygyny aýtdy.

17-nji oktýabrda yglan edilen ýaraşyk sebitde 27-nji sentýabrda agyr söweşler başlanaly bäri ot açyşlygy bes etmek boýunça edilen ikinji synanyşykdyr. Bu ýaraşyk etniki ermeni güýçleriniň hem-de Azerbaýjanyň täzeden top atmakda birek-biregi aýyplamagy bilen 19-njy oktýabrda irden howp astynda ýaly bolup görünýärdi.

Moskwanyň BMG-daky ilçisi Wasiliý Nebenza Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň ot açyşlygyň bes edilýändigini barlamagyň zerurdygyny maslahat edendiklerini aýtdy.

Rus wekili barlamak işiniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan amala aşyrylyp bilinjekdigini aradan aýyrmady.

TASS habar gullugyna görä, “Ol ýerde kim bolar, nähili wezipede bolar, kim muny hakykatda barlar – bu entek ara alnyp maslahatlaşylýan sorag” diýip, Geňeş duşuşandan soň Nebenza habarçylara aýtdy.

AFP habar agentligi şahsyýeti aýdylmaýan diplomatlara salgylanyp, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine wagtlaýyn prezidentlik edýän Russiýanyň ot açyşlygy bes etmek ylalaşygynyň berjaý edilmegine çagyrýan bir beýanatyň üstünde işleýändigini habar berdi.

Beýanatyň Azerbaýjany we Ermenistany Russiýanyň, Fransiýanyň we ABŞ-nyň başlyklyk edýän Minsk toparynyň araçylygyndaky gepleşiklere dolanmaga çagyrmagyna garaşylýar. Bu ÝHHG-nyň Sowet Soýuzynyň ahyrky günlerinde, 1988-nji ýylda ýüze çykan konflikti çözmek synanyşygyny maksat edinýän diplomatiki başlangyjydyr.

Şu aý Russiýanyň araçylygynda gazanylan ylalaşyk Günorta Kawkazda 90-njy ýyllardan bäri ýüze çykan we ýüzlerçe esgeriň hem-de asuda raýatyň ölümine getiren iň agyr söweşi togtatmakda şowsuz boldy.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew TASS habar agentligine beren interwýusynda ermeni tarapy bilen duşuşmak üçin özüniň Ermenistana gitmäge taýýardygyny hem-de Baku wekilleriniň Moskwada ýa-da başga islendik ýerde duşuşmaga taýýardygyny aýtdy.

“Biz gapma-garşylygy bes etmek we çözgüt ýollaryny tapmak üçin Moskwada-da, başga ýerde-de duşuşmaga hemişe taýýardyrys” diýip, Aliýew aýtdy we şol bir wagtyň özünde özüniň şeýle çakylyk kabul etmändigini nygtady.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan TASS habar agentligine beren aýrybaşga interwýusynda Daglyk-Garabak konfliktiniň diňe parahat ýollar bilen çözülmelidigini aýtdy.

“Men şeýle netijäni gazanmak üçin zerur tagallalaryň ählisine, şol sanda barmaga, duşuşmaga, gepleşmäge taýýar” diýip, ol aýtdy.

Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan esasan musulman ilatly Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýän daglyk territoriýa 1994-nji ýylda söweşler togtadylaly bäri Ýerewanyň hemaýatyndaky esasan hristian etniki ermeniler tarapyndan gözegçilik edilýär.

Soňky zorluk sebiti Azerbaýjanyň iň ýakyn ýarany Türkiýäniň hem-de Ermenistanyň agzasy bolan Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna agalyk edýän Russiýanyň gatyşmagynda has giň çaknyşyga çeker diýen gorkyny döretdi.

Daglyk-Garabag häkimiýetleri 18-nji oktýabrda öz güýçleriniň arasynda ýene 40 adam ýitgisini hasaba alandyklaryny aýtdy, munuň bilen söweş başlanaly bäri ölen harbylaryň sany 673 adama ýetdi.

Azerbaýjan harby adam ýitgileriniň sanyny çap etmedi.

Baku bilen Ýerewanyň her haýsy hepde başlarynda territoriýanyň içinde we töwereginde üstünlik gazanandyklaryny aýtdylar. Bu territoriýada soňky zorlugyň başlanmagynyň öňýany 150 müň töweregi etniki ermeni ilaty ýaşaýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG