Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Siriýaly hakyna tutma söweşijiler Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag söweşine ýardam berýärmi?


Azat Siriýa Goşunynyň (ASG) söweşijileri bomba partlamasyndan soň Azazda zyýan çeken ulagy barlaýar. Azaz, Siriýa. 1-nji sentýabr, 2018.

Bölünip aýrylan sebitiň üstünde birnäçe hepde bäri dowam edýän dartgynlylykda siriýaly hakyna tutma söweşijileriň Daglyk-Garabagda söweşýändigi baradaky habarlara garamazdan, Baku bilen Ankara Türkiýäniň Azerbaýjan üçin Siriýadan jeňçi toplandygy baradaky habarlary ret edýär.

Siriýaly jeňçileriň kömek üçin Azerbaýjana ugradylýandygy baradaky ilkinji habarlar sentýabryň ahyrynda peýda boldy.

Şeýle habarlar Siriýa urşy barada habar berýän döwürlerinde çeşmeler bilen aragatnaşygy ýola goýan Reuters, BBC ýaly halkara habar serişdeleriniň, şeýle-de The Guardian, The Independent ýaly britan gazetleriniň korrespondentleri tarapyndan berildi.

Olaryň ählisi türk hemaýatyndaky Azat Siriýa Goşunynyň (ESG) öňden gelýän söweşijilerinden interwýu aldylar. Olar Azerbaýjanda işlemek üçin bir hususy türk firmasy tarapyndan işe alynmak barada gürrüň berdiler.

Köpüsi meseläniň ynjyklygy sebäpli, ýa özlerinden ar alynmagyndan gorkup, ýa-da girdejisini ýitirmek töwekgelliginden, adyny aýtmakdan saklandy.

Ýöne ASG-den birnäçe çeşme dürli Günbatar habar serişdelerine beren interwýularynda Azerbaýjanda işlemek üçin özlerine 1,200 – 2,000 dollar aralygynda aýlyk wada berlendigini aýtdylar.

Olar 27-nji sentýabrda sebitde söweş başlamazdan öň Azerbaýjanyň ýangyç desgalarynda ýa-da Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky Aragatnaşyk çyzygynyň ugrunda özlerine “garawul gullugyny” berjaý etmek işleriniň aýdylandygy barada birmeňzeş wakalary gürrüň berdiler.

Reuters demirgazyk Siriýadaky türk goldawly gozgalaňçy toparlardan söweşijileriň özleriniň Ankara bilen hyzmatdaşlykda Azerbaýjana ýerleşdirilendigi barada aýdan sözlerini sitirledi, ýöne Reuters özüniň bu öňe sürmäni tassykladyp bilmeýändigini aýtdy.

“Men gitmek islemedim, ýöne pulum ýok. Durmuş gaty kyn we garyp” diýip, ozal türk hemaýatyndaky Ahrar al-Şam toparynda Siriýada söweşen bir jeňçi Reuterse aýtdy.

Soňra siriýaly söweşijileriň özleriniň dartgynly söweş wagtynda göni front pozisiýalaryna iberilmekleri sebäpli Azerbaýjan işini boýun almakda bildiren puşmanlyk sözleri sitirlendi. 27-nji sentýabrda başlanan söweşlerde ýüzlerçe esger öldürildi.

Söweşiň başlamagyndan bir hepde gowrak wagt soň, Siriýada Azerbaýjandan yzyna ugradylýan onlarça siriýalynyň jansyz jesetleri barada habarlar peýda bolup başlady.

Gapma-garşy aýyplamalar

Ermenistanyň Russiýadaky ilçisi Wardan Toganian sentýabryň ahyrynda Russiýanyň “RIA Nowosti” döwlet habar agentligine beren interwýusynda Türkiýäniň Azerbaýjan üçin 4 müň siriýaly jeňçini iberendigini aýtdy.

Hatda siriýaly hakyna tutmalar baradaky habarlary alga alýan garaşsyz halkara ekspertler hem Toganianyň sanlarynyň çişirilen sanlardygyny aýdýarlar.

Ýöne aradan birnäçe gün soň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we rus aňtaw resmileri siriýaly hakyna tutmalaryň Azerbaýjan üçin söweşýändigi baradaky öňe sürmeleri goldaýan beýanatlar bilen çykyş etdiler. Olaryň hiç haýsy bu öňe sürmelere tutarykly subutnama hödürlemedi.

“Indi bizde jyhadçy toparlaryň hataryndaky siriýaly söweşijileriň Daglyk-Garabaga barmak üçin [Türkiýäniň günortasyndaky] Gaziantep şäherinden geçendiklerini görkezýän maglumatlar bar” diýip, Makron 1-nji oktýabrda Brýusselde geçirilen ÝB sammitinde habarçylara aýtdy. “Bu ýagdaýy üýtgetjek örän çynlakaý täze fakt” diýip, ol belledi.

Rohani hem şol bir zatlary aýtdy. Ol Eýranyň siriýa prezidenti Başar al-Assadyň režimini goldaýan wagty ençeme ýyllap garşysyna göreşen “siriýaly terrorçy toparlarynyň” Daglyk-Garabagyň baş şäheri Stepanakertiň töweregindäki urşuň günorta ganatyna golaý Eýran serhedinde peýda bolandyklarynyň habar berilýändigini aýtdy.

Russiýanyň Daşary aňtaw gullugynyň başlygy Sergeý Naryşkin hatda bu konfliktiň sebiti halkara terror guramalarynyň Russiýa ýa-da golaýdaky beýleki ýurtlara girýän nokadyna öwrüp biljekdigini duýdurdy.

Naryşkin 6-njy oktýabrda konfliktiň “Ýakyn Gündogardan terrorçylary we hakyna tutmalary” özüne çekip başlandygyny aýtdy. “Biz bu ýerde täze Garabag urşundan pul gazanmagy umyt edýän ýüzlerçe belki-de müňlerçe radikal barada gürrüň edýäris” diýip, ol aýtdy.

Türk we Azerbaýjan resmileri bu aýyplamalary ýaňsa aldylar.

Türk prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Fransiýanyň hem-de Russiýanyň (olaryň ikisi-de ÝHHG-da Daglyk-Garabag meselesini çözmek üçin döredilen Minsk Toparynyň agzasy) ermeni tarapyna ýarag ýardamyny berendigini aýtdy. Ýöne türk lideri Russiýanyň Azerbaýjana-da ýarag satandygyny agzamakdan gaça durdy.

“Siz şunça ýardama ümsüm galyp, soňam Azerbaýjana: ‘Ol ýere söweşiji iberýärsiňiz’ diýýärsiňiz” diýip, 14-nji oktýabrda Erdogan aýtdy. “Siriýalylaryň öz ýurdunda bitirmeli işleri bar. Olar ol ýere gitmezler” diýip, ol aýtdy.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň maslahatçysy Hikmat Hajiýew “jeňçileriň Siriýadan Azerbaýjana iberilýändigi baradaky myş-myşlar ermeni tarapynyň nobatdaky prowakasiýasydyr we doly manysyzdyr” diýdi.

Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar ministri Ömer Çelik şeýle habarlaryň Ermenistanyň “öz duşmançylygyny ýaşyrmak üçin hem-de Türkiýe bilen bagly gara propaganda ýaýmaga synanyşmak üçin” ýaýradýan “ýalanlarydygyny” aýtdy.

Bu aralykda, Türkiýäniň Goranmak ministrligi onlarça ýyllap Türkiýäniň garşysyna söweşen gadagan Kürdistan Işçiler partiýasynyň (PKK) söweşijileriniň Ermenistana kömek edýändigini subutnamasyz öňe sürdi.

“Diňe gybat, subutnama ýok”

Azerbaýjanlylaryň köpüsi hem öz ýurtlarynda siriýaly söweşijileriň bardygy baradaky habarlara “subut edilmedik” hökmünde garaýarlar. Olar bu aýyplamalara Azerbaýjany abraýdan gaçyrmaga niýetlenen galp habar kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde seredýärler.

Bakuwda ýaşaýan adam hukuklary boýunça aktiwist Anar Mammadli türk hemaýatyndaky ASG-nyň sünni söweşijileriniň esasan şaýy bolan Azerbaýjanyň “Garabag urşuna” gatnaşýandygyna ynanmagy ret edýär.

“Türkiýäniň Azerbaýjana syýasy goldawdan başga harby kömek berýändigi barada anyk fakt ýok” diýip, Mammadi şeýle habarlar peýda bolup başlanda twit ýazdy. “Tassyklanmadyk we näbelli çeşmeleriň hasabyna ýöredilýän şeýle manipulýasiýalar bilen olar konflikte dini äheň bermäge çalyşýarlar” diýip, ol aýtdy.

Azerbaýjanly ştatdan daşary žurnalist Seýmur Kazimow ýaňy-ýakynda konflikt zonasyndan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “biziň tarapymyzda siriýalylaryň söweşýändigi baradaky habarlar nädogry. Muňa subutnama ýok” diýdi.

Ol bu “skandalyň” “atsyz, suratsyz, hiç zatsyz bir ýigide esaslanyp makala ýazan” daşary ýurtly bir žurnalist tarapyndan başladylandygyny” aýtdy. “Hiç kim muny tassyklamady” diýip, ol belledi.

“Žurnalist hökmünde hatda maňa-da maglumat almak mümkin däl” diýip, Kazimow aýtdy we Azerbaýjan tarapynda ölen ýa-da ýaralanan siriýaly hakyna tutmalaryň ýokdugyny öňe sürdi.

“Bolýa. Eger-de sizde subutnama bar bolsa, biziň bilen paýlaşyň” diýip, Kazimow aýtdy. “Hiç zat. Diňe gybat. Bu çyn zat däl” diýip, ol aýtdy.

Siriýaly jeset haltalary

Aslyýetinde, Kazimow konflikt barada öz nukdaýnazaryndan habar berýän wagty, ermeni artilleriýa güýçleri tarapyndan öldürilen 50-den gowrak hakyna tutmanyň Siriýa gaýtarylýandygy barada Siriýada hem-de Türkiýede täze jikme-jiklikler ýüze çykyp başlady.

The Guardian hem-de The Independent gazetlerinde çap edilen habarlar Siriýada jansyz bedenleri kabul edip alýan aladaly dogan-garyndaşlar barada, ASG söweşijileriniň beýleki siriýaly jeňçileriň Azerbaýjanda işlemek üçin türk howpsuzlyk firmalary bilen şertnama baglaşmazlyga çagyryp, olara garşy kampaniýa girişendigi hakynda gürrüň berdi.

52 siriýaly söweşijiniň jesetleriniň gaýtarylandygy barada 13-nji oktýabrda ýazan The Washington Post siriýaly hakyna tutmalaryň iberilmegini fakt hökmünde habar berdi.

ABŞ kongresmeni Frank Pallone, Jr. (demokrat – Nýu Jersiý) The Wall Street Journal neşiriniň 14-nji oktýabrda türk hemaýatyndaky ýüzlerçe siriýaly jeňçiniň Azerbaýjan güýçlerine goşulandygy barada çap eden habaryny retwitledi.

Pallone “Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Daglyk-Garabagda dowam edýän agressiýada daşary ýurtly hakyna tutmalary ulanýandygy aýdyňdyr” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentini we Waşingtonyň “hyzmatdaşlaryny halkara hukugynyň aç-açan bozulmagyny” ýazgarmaga çagyrdy.

ABŞ-nyň Foreign Policy (Daşary syýasat) žurnalynda ýazýan we Stambulda ýaşaýan Liz Kukmen (Liz Cookman) özüniň ASG-nyň Türkiýedäki çeşmeleriniň azyndan 1,500 siriýaly söweşijiniň Daglyk-Garabaga iberilendigini tassyklandyklaryny aýtdy.

“Ilkinji söweşijiler sentýabryň ahyrlarynda günorta Türkiýä geçirildi, soňra Gaziantepden Ankara uçdular, 25-nji sentýabrda Azerbaýjana geçirilmeklerinden ozal” diýip, Kukmen 5-nji oktýabrda habar berdi. “Söweşijileriň aýtmagyna görä, sebiti öwrenmek üçin hem-de esgerleriň paýlanmagyny Azerbaýjan goşuny bilen utgaşykly amala aşyrmak üçin üçin ASG komandirleri has ir geldiler” diýip, ol aýtdy.

Kukmen türk lirasynda aýlyk 1,500 dollar töwereginde pul tölenýän dört aý möhlete şertnama gol çeken köp siriýalynyň, “hususan-da aýdylandan has aldym-berdimli söweşde 55 siriýaly hakyna tutma ölenden soň, olaryň eýýäm puşman edýändiklerini aýtdy.

Geolokasiýa we galp maglumatlar

Siriýaly hakyna tutmalaryň Azerbaýjan üçin söweşýändigini aýdýan çeşmeler diňe abraýly media guramalary, daşary ýurt hökümetleri hem-de garaşsyz analitikler däl.

Sosial mediada hem siriýaly söweşijileriň çaknyşykda söweşýändigini ‘görkezýän’ wideolar bar.

The Independent neşiri sosial mediada Ermenistanda bolmak barada gürrüň edýän siriýaly söweşijileri görkezýän tassyklanmadyk wideonyň geolokasiýasynyň analitikler tarapyndan front çyzygyndan birnäçe kilometr aradaşlykda ýerleşýän Horadiz Azerbaýjan bazasydygynyň anyklanandygyny habar berdi.

The Independent neşiri sosial mediada paýlaşylan beýleki bir wideonyň siriýaly bir ýaş ýigidi front çyzygynda görkezýändigini, onuň Siriýa boýunça ekspert Elizabet Tsurkow tarapyndan türk hemaýatyndaky “Hamza” bölüminiň 23 ýaşly söweşijisi Mustafa Kantydygynyň anyklanandygyny habar berdi. Neşire görä, “tanymal açyk çeşme eksperti” wideonyň geolokasiýasynyň Horadiziň günortasynda ýerleşýän azerbaýjan ok-däri ammarydygyny kesgitledi.

Azerbaýjan üçin söweşýän siriýaly hakyna tutmalar bilen şahsy aragatnaşygynyň bardygyny aýdýan Tsurkow 11-nji oktýabrda bir wideo paýlaşdy. Ol wideonyň, “görnüşinden”, Eýran serhediniň golaýynda Azerbaýjan uniformalary bilen öz-özlerini wideo düşürýän türk hemaýatyndaky “Siriýanyň Milli goşun söweşijilerini” görkezýändigini aýtdy.

Ýöne käbir sosial mediada wideolary çak edilişi ýaly däl. Bu ýagdaý başga-başga adamlaryň galp maglumat kampaniýalarynyň çäginde galp wideolary paýlaşýandygy barada pikir döredýär.

AÝ/AR-yň Kawkaz gullugy 4-nji oktýabrda sosial mediada paýlaşylan we Daglyk-Garabagyň konflikt zonasynda çeçen söweşijilerini görkezýändigi çak edilen gysga bir wideony seljerdi.

AÝ/AR geolokasiýa usullaryny ulanyp, 37 sekuntlyk wideonyň aslynda Krymda düşürilendigini anyklady. Ukrainanyň Gara deňiz sebiti bolan Krym 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan ele geçirildi we bikanun anneksiýa edildi.

7-nji oktýabrda düýbi Angliýada ýerleşýän açyk çeşme derňew web-saýty – Bellingcat Russiýanyň hususy Wagner hakyna tutma firmasy bilen ilteşikli bir Telegram kanalynyň Siriýada düşürilen suratlary ulanyp, hamala, söweşde rus söweşijileri bar ýaly, Daglyk-Garabag analitiklerini “trollaýşy” barada hasabat çap etdi.

Şeýle hereketler siriýaly söweşijileriň Azerbaýjanda bardygy ýa-da ýokdugy barada gapma-garşy jemgyýetçilik çekişmeleriniň döremegine sebäp boldy.

Türkiýäniň Liwiýadaky mysallary

Türkiýe özüniň Siriýada goldaýan jeňçilerini beýleki ýurtlara çekmekde birinji gezek Daglyk-Garabagda aýyplanmaýar.

Birleşen Milletler guramasynyň bir ekspertler topary Türkiýäniň 2019-njy ýylyň dekabrynda Liwiýanyň halkara derejesinde ykrar edilen Milli ylalaşyk hökümetini güýçlendirmek üçin türk goldawly 5 müň siriýaly söweşijini işe çekendigini aýtdy.

Şeýle-de, ekspertler topary rus howpsuzlyk potratçylarynyň hem Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň garşydaşy, Halifa Haftar üçin Assad režimini goldan 1 müň 200 siriýalyny işe çekendigini aýtdy.

Günbatar media serişdeleriniň ençemesi Türkiýe tarapyndan toplanan adamlaryň sözlerini sitirläp, olara ilki Liwiýadaky desgalary goramak işleriniň wada berlendigini, ýöne muňa derek olaryň Haftaryň rus hemaýatyndaky güýçleriniň garşysyna söweşmeli bolandyklaryny habar berdi.

BMG derňewçileri türk hemaýatyndaky ASG söweşijileriniň Siriýada adam alyp gaçmak, adam zorlamak, talaňçylyk ýaly baş goşan jenaýatlary barada maglumat berdi.

Türkiýäniň hökümetçi SETA aň-düşünje guramasy ASG toparynyň çäginde ýerleşýän 28 topardan 21 sanysynyň Siriýada Yslam döwleti ekstremist toparynyň garşysyna göreşmek üçin ABŞ-dan ýardam alandygyny aýtdy.

Ýöne ASG-nyň Ahrar al-Şam ýaly beýleki toparlary ozal Al-Kaeda bilen ýaranlyk edýärdi hem-de käbir ABŞ resmileri tarapyndan “terror” guramasy hökmünde häsiýetlendirilýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG