Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan we Ermenistan täze ýaraşyk ylalaşygyny bozmakda birek-biregi aýyplaýar


17-nji oktýabrda Azerbaýjanyň Ganja şäherine düşen raketa zarbasyndan soň bäş agzasy ölen maşgala ýas tutýar.

Azerbaýjan we Ermenistan bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde söweşleri bes etmegi maksat edinýän täze ýaraşyk ylalaşygyny bozmakda birek-biregi aýyplaýar.

17-nji oktýabrda yglan edilen ýaraşyk ýary gije güýje girdi. Bu ylalaşyk sebitde 27-nji sentýabrda agyr söweşler başlanaly bäri ot açyşlygy bes etmek ugrunda edilen ikinji synanyşykdyr.

Söweşde azyndan 600 esger we asuda raýat öldürildi we soňky söweşler Daglyk-Garabagyň durumy boýunça iki ýurduň arasyndaky urşy mümkingadar soňlandyran 1994-njy ýylyň ýaraşyk ylalaşygyndan bäri bolan iň agyr söweş hasaplanýar.

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) baş diplomaty Josep Borrell 18-nji oktýabrda ýurtlaryň ikisini-de dowam edýän söweşleri ýazgarmaga hem-de ýaraşygy berjaý etmäge çagyrdy.

Söweş “has köp asuda raýatyň ejir çekmegine getirer.Bu, açylan ýaralaryň gutulmagyny has-da kynlaşdyryp, döwletleriň hem-de degişli jemgyýetleriň arasyndaky konflikti agyrlaşdyrar” diýip, Borrell telefon söhbetdeşliklerinden soň beýanat berdi.

Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýän daglyk territoriýa 1994-nji ýylda söweşler sägineli bäri Ýerewanyň hemaýatyndaky etniki ermeniler tarapyndan gözegçilik edilýär.

Soňky zorluk sebiti Azerbaýjanyň iň ýakyn ýarany Türkiýäniň hem-de Ermenistanyň agzasy bolan Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna agalyk edýän Russiýanyň gatyşmagynda has giň çaknyşyga çeker diýen gorkyny döretdi.

18-nji oktýabrda ýaraşygyň güýje girmeginden sanlyja sagat soň, iki tarap täze ýaraşygy bozmakda birek-biregi aýyplady.

Ermenistanyň Goranmak ministriniň metbugat sekretary Şuşan Stepanian Azerbaýjan güýçlerini geçen gije konflikt zonasyna top atmakda hem-de raketa hüjümlerini amala aşyrmakda aýyplady.

“Duşman çaknyşyk zolagynyň günorta tarapyna hüjüm etdi we iki tarapda-da ýaralananlar we ýitgiler bar diýip” ol aýtdy.

Daglyk-Garabagyň esasy şäheri Stepanakerte 17-nji oktýabrda atylan topdan zyýan çeken bina.
Daglyk-Garabagyň esasy şäheri Stepanakerte 17-nji oktýabrda atylan topdan zyýan çeken bina.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni güýçleriniň ýaraşyga garamazdan, geçen gije çaknyşyk zolagynda top atyşlaryna dowam etdirendigini we irden olaryň dürli ugurlara tarap hüjüm edendigini aýtdy.

Şeýle-de, ministrlik Ermenistany Daglyk-Garabagyň demirgazygynda, iki ýurduň arasyndaky serhediň ugrunda ýerleşýän Azerbaýjan goşunynyň pozisiýalaryna hüjüm etmek üçin iri kalibrli ýarag ulanmakda aýyplady. Bu öňe sürmäni Ermenistanyň harby resmileri ret etdi.

Bu aralykda, Daglyk-Garabag häkimiýetleri 18-nji oktýabrda öz güýçleriniň arasynda ýene 40 adam ýitgisini hasaba alandyklaryny aýtdy, munuň bilen söweş başlanaly bäri ölen harbylaryň sany 673 adama ýetdi.

Ermenistan we Azerbaýjan 17-nji oktýabrda giçlik özleriniň Daşary işler ministrlikleriniň web-saýtlarynda birmeňzeş beýanatlary paýlaşyp, täze ýaraşyk boýunça ylalaşdy.

Beýanatlar bu kararyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Minsk toparyna egindeş başlyklyk edýän ýurtlara wekilçilik edýän Fransiýanyň, Russiýanyň hem-de Birleşen Ştatlaryň prezidentleriniň şu aýyň başynda beren beýanatlarynyň yz ýany kabul edilendigi aýdyldy.

ÝHHG-nyň Minsk topary Fransiýany, Russiýany we Birleşen Ştatlary öz içine alýar. Bu Sowet Soýuzynyň ahyrky günlerinde, 1988-nji ýylda ýüze çykan konflikti çözmäge synanyşýan diplomatik başlangyçdyr.

Geçen hepde yglan edilen ýaraşygy iki tarap hem onuň güýje girmeginden kän wagt geçmänkä gaýta-gaýta bozdy we ol täze ýaraşyk boýunça ylalaşylmazdan öň çökdi.

17-nji oktýabrda irden Azerbaýjanyň iň iri ikinji şäherinde bir ýaşaýyş jaý sebitine raketa düşüp, 13 adamy öldürdi, 50-den gowrak adamy ýaralady. Bu şu wagta çenli asuda ilata edilen iň ganly hüjümleriň biridir.

Daglyk-Garabagyň 100 kilometr töweregi demirgazygynda ýerleşýän Ganja şäherine zarba urlan gabatlary beýleki bir raketa Ganjanyň gündogarynda ýerleşýän Mingajewir şäherine zarba urdy. Ol ýerde iri gidroelektriki bent ýerleşýär.

Ganja şäherine düşen raketanyň nireden atylandygy aýdyň däl. Ganja Ermenistan bilen serhetden takmynan 100 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär.

Ermenistanyň territoriýasyndan Azerbaýjanyň bir şäherine raketa atylmagy konfliktiň ep-esli möwjemegine getirip biler.

Ganja raketa düşenden soň telewideniýede eden çykyşynda Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew zarbany uruş jenaýaty hökmünde ýazgardy we Ermenistanyň ýolbaşçylaryna duýduryş berdi.

“Azerbaýjan muňa gaýtawul berer we muny diňe söweş meýdanynda berer” diýip, Aliýew aýtdy.

Baku bilen Ýerewanyň her haýsy hepde başlarynda territoriýanyň içinde we töwereginde üstünlik gazanandyklaryny aýtdylar. Bu territoriýada soňky zorlugyň başlamagynyň öňýany 150 müň töweregi etniki ermeni ilaty ýaşaýardy.

Soňky söweşde tassyk bolan adam ýitgisi ýok, ýöne Daglyk-Garabagyň de fakto ýolbaşçylary 633 esgeriň öldürilendigini habar berdiler. Azerbaýjan harby adam ýitgileriniň sanyny çap etmedi.

17-nji oktýabr raketa zarbasyndan öň, onlarça asuda raýatyň öldürilendigi habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG