Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Ýewropa täze çäklendirmeleri girizýär, ABŞ-da üçünji tolkuna garaşylýar


Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Çehiýa Respublikasynda, Ispaniýada, Italiýada, Fransiýada we Russiýada koronawirusyň täze ýagdaýlary has köp ýüze çykarylýar.
Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Çehiýa Respublikasynda, Ispaniýada, Italiýada, Fransiýada we Russiýada koronawirusyň täze ýagdaýlary has köp ýüze çykarylýar.

Ýewropa ýurtlary koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň gürelmeginiň arasynda, täze çäklendirmeleri girizmegi dowam etdirýärler. Bu aralykda, ABŞ-da hem öňümizdäki hepdeleriň dowamynda täze ýagdaýlaryň köpelmegine garaşylýar.

Wirusa ýolugýanlaryň sanynyň artmagy Atlantik ummanynyň iki tarapynda hem keselhanalarda boş orunlaryň ýetmezçilik etmegine, netijede-de adam ölümleriniň artmagyna sebäp boljakdygyna garaşylýar.

Şol bir wagtda, täze bejeriş usullary şu ýylyň başy bilen deňeşdirilende adam ölümleriniň sanyny azaldana meňzeýär.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Çehiýa Respublikasynda, Ispaniýada, Italiýada, Fransiýada we Russiýada koronawirusyň täze ýagdaýlary has köp ýüze çykarylýar.

ABŞ-da soňky biränçe hepdäniň dowamynda wirusa gündelik ýolugýanlaryň ortaça sany oktýabryň başyndaky 42 müň görkezijiden 58 müňe çenli ýetdi. Bu iýuldan bäri hasaba alnan iň uly görkezijidir. Bu sanlary Jons Hopkins Uniwersiteti berýär.

“ABŞ-da COVID-19 pandemiýasynyň üçünji tokuny başlady” diýip, COVID Yzarlamak Taslamasy geçen hepde duýdurdy.

XS
SM
MD
LG