Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jalalabatda dörän basa-baslykda azyndan 15 adam öldi


Basa-baslykda heläk bolan 15 adamyň arasynda, 11 aýal hem bar.
Basa-baslykda heläk bolan 15 adamyň arasynda, 11 aýal hem bar.

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda futbol stadionynyň içinde dörän basa-baslykda azyndan 15 adam öldi, onlarçasy hem ýaralandy. 20-nji oktýabrda müňlerçe adam Pakistanyň konsulhanasyndan wiza almak üçin bu ýere toplanypdy.

Hadysanyň ýüze çykan Jalalabat şäheriniň resmileriniň maglumatyna görä, heläk bolan 15 adamyň arasynda, 11 aýal maşgala hem bar. Basa-baslykda ençeme ýaşuly adam hem ýaralanypdyr.

Ýerli resmiler Pakistanyň wizasyna ýüz tutup bilmek üçin zerur bolan resminamalary almaga 3 müňe golaý adamyň toplanandygyny aýtdylar.

Şu ýylyň başynda Pakistan koronawirus pandemiýasy sebäpli owganlara berilýän wizalaryň sanyna çäklendirme girizipdi.

Pakistanyň ilçihanasynyň resmilerinden häzirlikçe kommentariýa almak başartmady.

Owganlaryň köpüsi Pakistana saglygyna seretdirmek üçin gidýärler.

Owganystanyň Kabul, Jalalabat we demirgazygyndaky Mazar-e-Şarif şäherlerinde pakistan wizasyna ýüz tutýan adamlar bidüzgünçilikler we guramaçylykdaky bärden gaýtmalar barada şikaýat edýärler.

XS
SM
MD
LG