Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň döwlet dükanlarynda şeker gytçylyk edýär, adamlar çykalgany şeker zawodyndan gözleýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda bir aýdan gowrak wagt bäri şeker gytçylygy dowam edýän mahaly, onlarça ýerli ýaşaýjy “Maryşeker” kärhanasynyň Mary GRES şäherçesinde ýerleşýän edara binasyna baryp, zawodyň ýolbaşçylaryndan şeker diledi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

21-nji oktýabrda “Maryşeker” kärhanasynyň öňi adamly boldy. Şeker gytçylygyndan kösenýän welaýat ýaşaýjylary çykalgany ýerli şeker zawodyndan gözlediler.

“Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda şeker tapdyrmaýar. Şu gün welaýat ýaşaýjylary Mary GRESDE ýerleşýän “Maryşeker” kärhanasynyň edara binasynyň öňüne üýşdüler” diýip, habarçy adamlaryň zawodyň başlygy bilen duşuşmagy talap edendiklerini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylar zawodyň başlygyndan özlerine şeker berilmegini sorady hem-de olar zawodyň derwezesiniň öňünde garaşmaga başlady.

“Maryşekeriň başlygy sagat 10:00-dan soň adamlaryň ýanyna çykyp: ‘Adamlar, siz näme üçin bärik üýşdüňiz, baryň, dükanlara gidiň! Biz bärde şeker satyp bilemizok” diýip, mylakatly gürleşdi” diýip, habarçy habar berýär.

“Biz ähli dükanlara eýýäm bir aý gowrak wagt bäri aýlanýarys, hatda häkimlige-de bardyk. Bize gulak asýan adam ýok” diýip, ýygnananlar şeker zawodynyň başlygyna ýüzlendi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, adamlar şeker ýetmezçiliginden şikaýat etdi. Olar öz çagalaryna şekerli çaýa çörek batyryp berýändiklerini, ýogsa-da öz çagalarynyň witamin ýetmezçiligi sebäpli kesellemeginden aladalanýandyklaryny, başga çykalga tapman şeker zawodyna baryp görmek kararyna gelendiklerini gürrüň berdiler.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, iýmit önümleriniň üpjünçiligindäki bökdençlikleriň, hem-de pandemiýa çäklendirmeleri bilen barha ýitileşýän problemalaryň arasynda, maryly ýaşaýjylar şu günler welaýatyň hususy dükanlarynda 1 kilogram şekeriň 18-20 manatdan satylýandygyny aýdýarlar.

“Hususy dükanlarda şeker bar, şu gün 18-20 manatdan satylýar” diýip, habarçy adamlaryň hususy dükanlardan şeker satyn almaga maliýe ýagdaýlarynyň ýokdugyny, öz girdejileriniň bir aý oňuşmaga ýetmeýändigini aýdandyklaryny habar berdi. Ýygnananlar şekeriň tölegi üçin zawodyň başlygynyň şahsy işlerini ýerine ýetirmäge özleriniň kaýyldygyny aýtdylar.

“Maryşeker edarasynyň başlygy göni yzyna seredip, işgärleriniň birine ‘bar, bir halta şeker çykar’ diýdi” diýip, habarçy aýtdy.

“Onuň adamlara nebsi agyrdy, hatda aýtmaga söz tapmady. Adamlar şekeri paýlaşdy. Her adama bir kilogram ýaly şeker düşendir, sebäbi terezi bolmansoň, her kim göz çaky bilen öz ýanlaryndaky plastik paketlerine şeker salyp aldylar we başlyga sag bol, Taňry ýalkasyn diýip, alkyş aýtdylar. Başlyk adamlardan pul almady, ‘sadakam bolsun’ diýdi. Onsuz hem hukuk goraýjylar, häkimlikler gelip, mugtuna alyp gidýärler. Noş bolsun, adamlar diýip, aýtdy. Adamlar begendiler, sebäbi pul soramady” diýip, habarçy habar berdi.

“Indi geläýmäň, meni işden kowdurarsyňyz diýip”, şeker zawodynyň başlygy eli şekerli dargap barýan adamlaryň yzyndan gygyrdy.

Azatlyk Radiosy bu waka boýunça “Maryşeker” kärhanasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ýurtda dowam edýän azyk gytçylygy barada habar bermeýär.

Türkmenistanda Oba we suw hojalyk ministrliginiň “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öňki direktory 2018-nji ýylda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda, paýdarlar jemgyýetiniň taýýar önüm ammarynda duran şeker we gant önümlerini bikanun satyp, alan pul serişdesini paýdarlar jemgyýetine girdeji etmän, şahsy bähbitleri üçin harçlamakda we resminama galplygynda aýyplandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG