Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan we Ermenistan liderleri uruşdan söz açýarlar


Daglyk-Garabagyň golaýyndaky Ganja şäherinde weýran edilen jaýyň öňünde oturan bir adam
Daglyk-Garabagyň golaýyndaky Ganja şäherinde weýran edilen jaýyň öňünde oturan bir adam

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan Daglyk-Garabag konfliktine diplomatiki çözgüt görmäýändigini aýtdy. Bu halkara jemgyýetçiliginiň jedelli sebit boýunça Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda ygtybarly ýaraşyk ylalaşygyny ýola goýmak tagallalaryna kölege saldy.

“Biz Garabag meselesine, iň azyndan häzirki pursatda we uzak wagtdan bäri, diplomatiki çözgüdiň ýokdugyna düşünmelidiris” diýip, Paşiniýan 21-nji oktýabrda özüniň Facebook sahypasynda göni efirde eden çykyşynda aýtdy.

“Ermeni tarapyny diplomatiki ýollaryň ählisi kanagatlandyrýar... bu mundan beýläk Azerbaýjany kanagatlandyrmaýar” diýip, Paşiniýan ermenileri “ellerine ýarag alyp, ene topragy goramaga” çagyrdy.

Paşiniýanyň beýanatyndan soň, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew hem çykyş edip, krizisiň harby ýol bilen çözüljekdigini öňünden aňandygyny, şeýle-de Azerbaýjan güýçleriniň ermenileri “biziň topraklarymyzdan” çykarjakdygyny aýtdy.

Bu äheňli çykyşlar Azerbaýjan we etniki ermeni güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklary bes etdirmek ugrunda edilýän diplomatiki tagallalara kölege saldy.

XS
SM
MD
LG