Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karantin zonasynda pozitiw COVID-19 hadysalary anyklandy


Lebapda ýerleşýän karantin çadyrlary. Illýustrasiýa suraty.
Lebapda ýerleşýän karantin çadyrlary. Illýustrasiýa suraty.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda tassyklanan COVID-19 hadysasy barada habar bermeýän mahaly, Lebapda ýerleşýän bir karantin nokadynda saklanýan adamlaryň käbiriniň koronawirus barlagy pozitiw netije görkezdi. Bu ýagdaý saglyk desgasyndaky adamlaryň ählisiniň karantin möhletiniň ýene iki hepde uzaldylmagyna getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

“Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasynyň ýanyndaky karantin zonasynda saklanýan adamlaryň arasynda COVID-19 testi pozitiw netijeli adamlar ýüze çykaryldy. Şonuň üçin hemmeleri ýene 14 gün saklaýarlar. Ol ýerde 7-nji oktýabrda Moskwadan uçar bilen gaýdyp gelenler saklanýardy. Bulardan başga-da, ol ýerde has ozal Özbegistandan dolanan türkmen raýatlary hem bardy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.

Türkmenistan pandemiýa başlanaly bäri, hereket çäklendirmeleri sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny birnäçe ýörite uçar gatnawlary bilen ýurda getirdi. Bu gatnawlar awgustyň üçünji ongünlüginden soň öňküsinden ýygjamlaşdy. Ýurda gaýtarylan adamlar Türkmenabatda 14 gün karantine alynýar.

“Meniň bir tanşym düýn Türkmenabatdan Aşgabada dolanmalydy, ýöne bu ýagdaý sebäpli hemmeleri ýene iki hepde saklaýarlar” diýip, habarçy 22-nji oktýabrda paýtagtdan habar berdi.

Wirusyň ýurda getirilmeginiň öňüni almak üçin türkmen häkimiýetleri ýörite karantin merkezlerini gurdy we hususan-da daşary ýurtlardan ewakuasiýa edilýän adamlar iki hepde möhlet bilen bu karantin nokatlarynda saklanýar.

Mundan ozal Azatlyk Radiosy karantinde saklanýan adamlaryň garyndaşlaryna salgylanyp, karantin çadyrlaryndaky şertler barada habar berdi. Azatlygyň habarçysy karantinde galýan adamlaryň lagerlerdäki şertlerden nägile bolýandyklaryny habar berdi.

Döwlet mediasy çadyr lagerlerindäki şertler barada habar bermeýär.

Turkmen.news we “Türkmenistanyň hronikasy” neşirleri hem Lebabyň karantin lagerleriniň arassaçylyk, iýmitlenmek we beýleki zerurlyklar babatynda ýönekeý standartlara gabat gelmeýän şertleri barada habar berdiler.

Türkmenistanyň hronikasynyň has ir, aprel aýynda çap eden bir wideosy Türkmenistanda gurlan bir karantin lagerini görkezýär. Wideoda çadyryň içinde biri-birine degip duran iki gatly düşekleri görmek, hem-de ol ýerdäki şertlerden şikaýat edýän bir adamyň sesini eşitmek bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji oktýabrda Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasynyň golaýyndaky karantin çadyrlarynyň başga ýere, Amyderýanyň çep tarapyna, täze awtomobil we demirýol köprüsiniň arasyndaky ozalky gurluşyk kompaniýasynyň ýerleşen ýerine göçürilýändigini, täze karantin zonasynyň 1 müň adama niýetlenendigini habar berdi.

Geçen hepde habarçy täze ýere göçürilen karantin zolagynda Ukrainadan we Germaniýadan ýörite uçar gatnawlary arkaly ýurda getirilen ýolagçylaryň saklanýandygyny habar berdi.

15-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi Özbegistandan gelen raýatlarda COVID-19 testiniň pozitiw netije görkezmegi bilen, olar üçin karantin möhletiniň 28 güne çykarylandygyny habar berdi.

“Ýokanç keselleri hassahanasynyň golaýyndaky çadyrda 7-nji oktýabrda Moskwa şäherinden gelen raýatlar hem-de 23-nji sentýabrda Özbegistan döwletinden gelen raýatlar bar” diýip, çeşme 15-nji oktýabrda habar berdi.

Turkmenportal neşiri Özbegistandan 120 türkmen raýatynyň guryýer arkaly, hem-de Moskwada galan raýatlaryň ýörite uçar gatnawy arkaly ýurda getirilendigini 7-nji oktýabrda habar berdi.

Bu aralykda Türkmenistan pandemiýa sebäli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda getirmäge dowam edýär.

Report.az neşiri pandemiýa sebäpli Gürjüstanda galan 50 türkmen raýatynyň oktýabr-noýabr aýlarynda Azerbaýjanyň üsti bilen Türkmenistana getirilmegiň planlaşdyrylýandygyny habar berdi.

Türkmenistan öz çäginde resmi taýdan tassyk bolan koronawirus hadysalary barada habar bermeýär.

Bu aralykda, 16-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Daşoguzyň aýallar koloniýasynda koronawirusyň tutaşandygy barada habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG