Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda esasy karantin zonasy täze ýere göçürilýär


Türkmenabatdaky karantin zonasy (arhiw suraty)
Türkmenabatdaky karantin zonasy (arhiw suraty)

Koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistandaky esasy karantin zonasy täze bir sebite göçürilýär. Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatdaky Köpugurly hassahanada esaslandyrylan karantin zonasy ýatyrylyp, ol Amyderýanyň çep tarapyna, täze awtomobil we demirýol köprüsiniň arasyndaky ozalky gurluşyk kompaniýasynyň ýerleşen bazasyna göçürilýär. Bu barada ýerli saglyk resmileri bilen söhbetdeş bolan Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat berýärler.

“Täze karantin zonasy köprüleri guran ukrain kompaniýasynyň ozalky bazasyna göçürilýär. Ol 1 müň adama niýetlenen. Köpugurly hassahanada karantinde saklanan 500-e golaý adamy, şeýle-de daşary ýurtdan gelýänleri indi şol ýere ýerleşdirerler. Ýokanç keseller hassahanasynyň golaýyndaky çadyrlary hem eýýäm söküp, ol ýerdäki adamlary täze karantin sebitine göçürip başladylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji oktýabrda maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, karantin sebäpli adaty işini togtadan köpugurly hassahananyň hirurgiýa we terapiýa bölümleri 12-nji oktýabrdan başlap näsaglary ýaňadandan kabul edip başlapdyr.

“Duşenbe güni hassahana açylanda, kassanyň öňi eýýäm adamdan doldy. Raýatlar karantin döwri täze medisina nokatlarynyň ýola goýulmandygy sebäpli, häzire çenli saglyklaryna seretdirip bilmän kösenendiklerini aýtdylar” diýip, Azatlygyň atlandyrylmasyzlygyny soran habarçysy gürrüň berdi.

Ýatlatsak, mundan ozal köpugurly hassahananyň Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan işgärleri, bu saglyk merkeziniň hojalyk hasabynda ýöredilýändigi, karantin sebäpli-de adaty adamlary kabul edip bilmändigi üçin, keselhananyň girdeji çeşmelerinden mahrum bolandygyny, işgärlere aýlyk haklaryny tölemäge hem serişdeleriň bolmandygyny gürrüň beripdiler. Bu, şeýle-de lukmanlaryň arasynda koronawirus ýagdaýlarynyň köpelmegi sebäpli, keselhananyň işgärleriniň wezipelerinden hem çekilip başlandygy aýdylypdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy täze karantin sebitinde, ozalky çölüň içinde dikilen çadyrlardaky şertler bilen deňeşdirilende ýagdaýlaryň has gowudygyny hem belledi. Azatlyk we beýleki garaşsyz neşirler mundan ozalky karantin zonasynda adamlaryň agyr ýagdaýlarda saklanýandygyny, adaty şahsy gigiýena şertleriniň hem ýola goýulmandygyny habar beripdiler.

“Täze karantin zonasynda ozalky daşary ýurt kompaniýasynyň yzynda galdyran baraklary goýuldy. Olaryň sowukdan we ýagyşdan goramaga mümkinçiligi bar. Bu ýerde aýal maşgalalar, çagaly eneler üçin hem aýratyn otaglar bar” diýip, bu sebitdäki ýagdaýlardan habarly saglyk işgäri bilen söhbetdeş bolan habarçymyz gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, täze karantin zonasyna eýýäm adamlaryň ýerleşdirilip başlanandygyna garamazdan, sebitden entek aýrylmadyk köp sanly gurluşyk serişdeleriniň hem bardygy bellenilýär.

Bu täze karantin zonasy hem hasaba alnanda Lebap welaýaty boýunça häzir iki sany uly karantin zonasy hereket edip, olaryň ýene biri Farapdaky gümrükhana nokadynda ýerleşýär. Daşary ýurtlardan gelen ýolagçylar bu ýerlerde iki hepde möhlet bilen hökmany karantinde galmaly bolýarlar.

Mundan başga-da, howpsuzlyk gulluklary daşary ýurtdan gelen ýolagçylara berk gözegçilik edýärler. Karantine iberilenleriň goşlary aeroportda galýar, olara surat alýan we wideo düşürýän enjamlaryny hem smartfonlaryny ýanyna almaga rugsat berilmeýär.

Bu aralykda, dünýäniň ençeme künjeginde, şol sanda Ýewropada we Russiýada täze koronawirus ýagdaýlarynyň gürelýän pursady, Türkmenistanyň hökümeti ýurtda COVID-19 keseliniň bardygyny ykrar etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG