Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanlylaryň bir topary ABŞ konsullygyna baryp, "Borat" komediýasy üçin ötünç soralmagyny talap etdi


"Namys" hereketiniň agzalary ABŞ-nyň Almatydaky konsullygynyň öňünde ýygnanyp, “Borat-2” filminiň çykmagyna garşylyk bildirdi. 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabry.
"Namys" hereketiniň agzalary ABŞ-nyň Almatydaky konsullygynyň öňünde ýygnanyp, “Borat-2” filminiň çykmagyna garşylyk bildirdi. 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabry.

Almaty şäherinde özlerini watançy we “Namys” toparynyň agzalary diýip atlandyrýan ýaşlar toslama gazak žurnalisti baradaky “Borat” komediýasynyň dowamynyň çykarylmagy bilen baglanyşykly ABŞ-nyň Baş konsullygyna petisiýa, şikaýat ýüzlenmesi bilen ýüz tutdy.

Petisiýada olar iňlis şortasy Saşa Baron Koeniň baş rolda oýnaýan filminiň görkezilmegine berk garşylyk görkezip, öz tassyklamalaryna görä, bu filmiň gazagystanlylary “masgaralaýandygyny” we ýurduň abraýyny pese gaçyrýandygyny aýtdylar.

Şeýle-de petisiýada ilçihananyň aktýoryň we filmiň döredilmegine gatnaşan adamlaryň hemmesiniň gazagystanlardan ötünç soramagy üçin "berk çäreleri görmegi" soralýar.

Toparyň agzalary özleriniň bu iki filmiň hiç birini görmändiklerini, olar hakynda diňe internetden habarly bolandyklaryny aýtdylar.

“Biz dymyp oturyp bilmedik. Biz öz raýat pozisiýamyzy beýan etmek üçin bu ýere geldik"diýip, aktiwist Azamat Galymžanuly aýtdy.

ABŞ-nyň baş konsuly Erik Maýere iberilen petisiýa 50 töweregi adam gol çekdi. Aktiwistler konsullygyň binasyndan çykyp, diplomatik konsullygyň wekilleriniň "öz talaplaryny diňländiklerini we ýokaryk ýetirmek wadasyny berendiklerini” aýtdylar.

ABŞ konsullygy biraz soň beýanat çap edip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň "bu filmi maliýeleşdirmäge, öndürmäge ýa-da ýaýratmaga hiç haçan gatnaşmandygyny" aýtdy we "raýatlaryň öz pikirlerini parahatçylykly beýan etmek başarnygyna" goldaw bildirdi.

Gazagystanly tanymal žurnalisti Borat Sagdiýewiň başdan geçirmeleri barada gürrüň berýän "Borat" komediýasynyň dowamy ýurduň içinde we daşary ýurtlarda ýaşaýan gazagystanlylarda düýpgöter üýtgeşik reaksiýalary döretdi. Käbirleri filmiň görkezilmeginiň gadagan edilmegini talap etse, beýlekileri tankytçylary aşa duýgur bolmakda aýyplady.

Bu filmiň birinji bölümi 2006-njy ýylda çykdy. Şonda onuň Gazagystandaky kinoteatrlarda görkezilmegi gadagan edildi.

Ondan öň käbir sosial media ulanyjylary "Borat" filminiň çykmagyna garşy däl-de, Gazagystandaky korrupsiýa garşy petisiýa gol çekmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG