Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Türkmençiligiň" döwrebaplyk synagy


Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleriniň bu sany “türkmençilik” we onuň döwrebaplyk bilen synagy baradaky söhbete gönükdirilýär.

“Türkmen bolmagy öwrenmek” (Learning To Become Turkmen) kitabynyň amerikaly awtory Wiktoriýa Klement "Merkezi Aziýa sesleri" atly onlaýn neşire Türkmenistan we türkmen durmuşy barada beren interwýusynda Türkmenistany bir söz bilen “türkmençilik” diýip düşündirýär:

“Aslynda, Türkmenistany bir söz bilen: Türkmençilik diýip, suratlandyryp bilerin. Bu, modern durmuşyň gündelik hysyrdylarynyň arasynda-da, türkmenleriň medeniýete we taryha bolan çuň buýsanjyny aňladýar” diýip, Klement aýdýar.

Türkmenleriň türkmençilige, türkmen medeniýetine we däp-dessurlaryna çemeleşigi ençeme daşary ýurt syýahatçylarynyň, taryhçylaryň we medeniýetleri öwrenijileriň ünsüni çekip gelipdir.

XIX asyryň ortalarynda türkmen topragyna syýahat eden wenger dilçi alymy Arminiý Wamberi türkmenler üçin däp-dessuryň ähmiýetini şeýle düşündirýär:

“Çöl ýaşaýjylary, öz gözlerine görünmeýän, ýöne barlygy “däp” sözünde aç-açan görnüp duran güýçli hökümdar tarapyndan, köplenç zulum bilen, dolandyrylýar” diýip, wenger alymy 1863-nji ýylda Merkezi Aziýa eden syýahatyndan soň türkmenler barada ýazgy galdyrypdyr.

Türkmenler üçin däp-dessur asyrlaryň dowamynda dörän durmuş ýörelgeleriniň, adatlaryň, ýazylmadyk kada-kanunlaryň, ruhy mirasyň jemi, türkmençiligiň özeni hasaplanýar.

Türkmen diliniň iň soňky düşündirişli sözlügi “türkmençiligi” “türkmeniň durmuşyna, ruhuna, medeniýetine, häsiýetine we şuňa meňzeşlere laýyklykda dörän ýol-ýörelge” diýip kesgitleýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany “türkmençilige” gönükdirilýär. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşdy.

"Türkmençiligiň" döwrebaplyk synagy
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG