Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taganowa: Meni Tihanowskaýa deňemek ýalňyş. Ýöne biz talap etmesek, hiç kim bize azat we adalatly durmuşy sowgat bermez


Dürsoltan Taganowa

Türkmenistanda häkimiýetler geçen tomus Stambulda türkmen hökümetine garşy protest aksiýasyna gatnaşandan soň saklanan we ýaňy-ýakynda azatlyga goýberilen aktiwist Dürsoltan Taganowany garalamak kampaniýalaryna girişdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy häkimiýetleriň Lebap welaýatynda girişen bu kampaniýalaryna jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de býujet işgärleriniň çekilýändigini habar berdi. Azatlyk Radiosy bu barada Dürsoltan Taganowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Dürsoltan, ozaly özüňiz hakynda gürrüň berseňiz, nirede we haçan doguldyňyz?

Dürsoltan Taganowa: Men 1991-nji ýylda Türkmenabat şäherinde doguldym. Serdarabat etrabyndaky orta mekdebi gutardym. 9 ýyldan bäri Türkiýede ýaşaýaryn we işleýärin.

Azatlyk Radiosy: Siziň aktiwist bolmagyňyza, protestlere gatnaşmagyňyza näme sebäp boldy ýa-da näme itergi berdi?

Dürsoltan Taganowa: Meniň 19-njy iýuldaky protestlere gatnaşmagymyň sebäbi, Türkmenistanda koronawirus ýok diýildi. Ýöne adamlar ölüp başlady, tanyşlarymyzyň ýakynlary ölüp başlady. Berdimuhamedow halky taşlap, dynç alşa gitdi. Halkyň bir özi galdy. Men Türkmenistanyň raýatlaryny wirusdan goraň, halka kömek edilsin diýip [proteste] gatnaşdym.

Men mundan öň hem mitinglere gatnaşypdym. Olaryň sebäbi ýurduň daşynda ýaşaýan raýatlar bizler, Türkmenistanyň raýatlary - ýurduň içinde iş tapmaýandygymyzy üçin iş gözläp ýurduň daşyna çykýarys. Ýene bärde Türkmenistanyň häkimiýetleri pasportlarymyzy uzaltman, ýurduň daşynda heläk bolan raýatlarymyza eýe çykman, olaryň ölüleri başga ýurtlarda galdy. Pandemiýa döwründe ýurduň daşynda ýaşaýan halkymyza, işsiz halkymyza Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan hiç hili kömek edilmedi. Men şular ýaly haklarymyzy talap etmek üçin mitinglere gatnaşdym. Öz düşünjämi halkymyz bilen paýlaşmaga karar berdim.

Azatlyk Radiosy: Gelip gowuşýan habarlara görä, türkmen häkimiýetleri siziň garyndaşlaryňyzy ýanap, olara basyş görkezip başladylar. Bu siziň alyp barýan işiňize ol ýa-da beýleki görnüşde täsir ýetirýärmi?

Dürsoltan Taganowa: Hawa, aslynda täsir ýetirýär. Ýöne biz ol nokatdan geçdik. Sebäbi biz kanun bozamyzok. Biziň haklarymyz bar. Biz konstitusion haklarymyzy talap edýäris. Öň gorkýardyk, ýöne indi gorkamyzok.

Azatlyk Radiosy: Siziň gorkmazlygyňyza näme sebäp boldy? Siziň gorky nokadyndan geçmegiňize äme sebäp boldy?

Dürsoltan Taganowa: Gorky nokadyndan geçmegimize sebäp bolan - ine, biz häzir ýurduň daşynda. Ýollar ýapyk bolany üçin gidip bilmeýäris. Ýöne biziň ýakynlarymyza, garyndaşlarymyza basyş edilýär - soraga çekýärler, haýbat atýarlar, ýanaýarlar. Ine, [biz] şunuň ýaly zatlardan gorkýardyk. Ýöne biz häzir hemme zady göze alyp, hemmämiz haklarymyzy talap etmekde kararly.

Azatlyk Radiosy: Onda siz gorkynyň peýdasynyň ýokdugyna düşünipsiňiz, şeýlemi?

Dürsoltan Taganowa: Hiç hili, hiç hili [peýdasy] ýok. Sebäbi indi biziň hemmämiz gorkymyzy aýyrmaly.

Azatlyk Radiosy: Azatlygyň habarçylary Lebapda size garşy garalama kampaniýalarynyň alnyp barylýandygyny habar berdiler. Sizi belarus oppozisiýasynyň lideri Swetlana Tihanowskaýa deňeýärler. Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz?

Dürsoltan Taganowa: Tihanowskaýa prezident saýlawyna gatnaşdy. Men prezident saýlawyna gatnaşmadym. Men ol derejede lider däl. Men Türkmenistanyň demokratik halk saýlawynyň aktiwisti. Meni Tihanowskaýa deňemek gaty ýalňyşdyr. Meniň işjeňligim biziň türkmen halkymyzy azatlyga çykarjak bolup edýän zadym. Şonuň üçin meni Tihanowskaýa bilen deňeşdirmek gaty ýalnyşdyr.

Men gahryman däl, men beýleki adamlar ýaly Türkmenistanyň raýaty. Ýöne men gowy düşündim, biz özümiz baryp galyp, azatlygymyzy almasak, adalatly döwlet gurmasak, hiç kim bize sowgat hökmünde azatlyk we adalatly durmuş bermez. Şonuň üçin biz prezident Berdimuhamedowy saýlamadyk. Biz ony kanun esasynda aýyrmaly bolýarys we açyk saýlawlar geçirip, täze ýolbaşçymyzy saýlamaly bolýarys. Biziň indi şundan başga hiç hili çykalgamyz galmady. Sebäbi ýurduň daşyndaky we içindäki - Türkmenistanyň [raýatlarynyň] hemmesiniň ýagdaýy agyr. Biz hiç hili kanun bozamyzok - şuny bilmeli. Biz indi haklarymyzy talap etmeli we prezidenti aýryp, özümiz açyk saýlawlary geçirip, özümiz täze ýolbaşçy saýlamaly diýip pikir edýärin.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG