Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Dürsoltan Taganowanyň hossarlaryna basyş güýçlenýär, onuň özüni bolsa "watan haýyny" atlandyrdylar


Türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa

Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurtlardaky aktiwistleriň hossarlaryna basyşy dowam etdirýär. Nobatdaky gezekde ol yzarlanma Dürsoltan Taganowanyň hossarlary duçar boldy. Aktiwistkanyň özi bolsa golaýda Türkiýede deportasiýa merkezinden halas edildi, ýöne ony öz ýurdunda "kezzaplykda" aýypladylar. Bu barada Taganowanyň ejesiniň sözüne salgylanyp, ynsan hukuklaryny goramak baradaky Türkmenistan Helsinki Fondy hem-de ynsan hukuklaryny goraýjy "Memorial" Merkezi habar berýär.

Hukuk goraýjylaryň aýtmagyna görä, 12-nji oktýabrda, Dürsoltan Taganowanyň Stambuldaky deportasiýa merkezinden azat edilen güni aktiwistiň dogduk mekany Türkmenabat şäheriniň polisiýa bölümi, onuň dogany Babajan Taganowy soraga çagyrypdyr.

"Şol günüň agşamy, Dürsoltanyň 27 ýaşly dogany Babajan Taganowy Türkmenabadyň şäher polisiýa bölümine çagyrypdylar. «Barlag üçin» diýip, onuň telefonyny elinden alypdylar hem oňa aýal doganynyň «kezzaplykda» aýyplanyp, organlar tarapyndan gözlenýändigi aýdypdyrlar. Dürsoltanyň ýurduň çägine giren ýagdaýynda, tussag ediljekdigini bildirdirler. Babajana Dürsoltana garşy açylan jenaýat işini hem onuň prokuratura iberilmek üçin taýýarlanandygyny görkezipdiler" diýip, ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň bilelikdäki press-relizinde aýdylýar.

Ol ýerde şeýle hem Dürsoltan Taganowa garşy nähili kezzapçylykly hereketiň bolandygy baradaky maglumatyň näbellidigi aýdylýar. Ýöne onuň suraty köpeldilipdir hem gözleg maksady bilen ähli polisiýa bölümlerine ýaýradylypdyr.

Ynsan hukuklaryny goraýjylara kanun goraýjy guramalardaky çeşme: "Iş ýokardaky” bize basyş edýän guramanyň buýrugy bilen ýörite gurnaldy» diýipdir (maglumatdaky ol çeşme Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligini göz öňünde tutýar). Birnäçe gün geçenden soň, Babajan Taganow polisiýadan öz telefonyny yzyna sorapdyr, ýöne polisiýa onuň telefonyny almandygyny aýdypdyr.

Ýatlatsak, Dürsoltan Taganowa Türkiýedäki Türkmenistanyň diktatorçylyk režimine garşy çykýan türkmen aktiwistlerinden biridir. Ol Stambuldan Türkmenistana deportasiýa edilmek üçin, üç aýa golaý saklanandan soň, golaýda azatlyga çykdy. Dürsoltan şu ýylyň 19-njy iýulynda türkmen aktiwistleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň hökümetine garşy protest geçirýän wagtynda, Stambulda saklanypdy.

Entek Stambuldaky deportasiýa merkezinde bolan wagtynda, Dürsoltan Taganowa Türkiýeden özüne başpena berilmegini sorady. 22-nji oktýabrda Türkiýäniň migrasiýa gullugy türkmenistanly graždanyň ol haýyşyny kanagatlandyrdy hem oňa ýurtda bolmaga bir ýyllyk möhlet bilen şahadatnama gowşurdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjynyň yzynda hossarlaryna basyş edilýändigini onuň ejesi Merýemgül Baýmyradowa aýdýar. Dürsoltan entek Stambuldaky tussaglykdan çykmanka, "Memorialyň" hem-de Türkmenistan Helsinki Fondunyň wekilleri onuň bilen duşuşdylar.

Merýemgülüň sözüne görä, olaryň garşysyna bolan gysyşlar Dürsoltanyň ilkinji gezek Internetde peýda bolan wagtynda, takmynan 18-19-njy iýunda başlanypdyr.

"Iýun aýynyň ahyrynda pasport stoly bölüminiň işgäri Jumamyrat Baltaýew aktiwistiň hossarlarynyň ýanyna gelip, Dürsoltanyň nirede bolýandygy, näme iş edýändigi bilen gyzyklanypdyr hem onuň telefon nomeriniň berilmegini sorapdyr. Ahyrda bolsa olaryň kynçylyga duçar bolmagynyň mümkindigini aýdypdyr. Organ işgäriniň öýlerine gelip gidendigini eşidenden soň Dürsoltan SMS ýollap, hossarlaryna azar bermezligi, näme mesele bolsa gös-göni özüne ýüz tutulmagyny sorapdyr. Ýöne onuň teklibine hiç bir jogap bolmandyr" diýlip, maglumatda Baýmyradowanyň aýdan sözi getirilýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň maglumatyna görä, Dürsoltanyň kakasyna, ejesine hem doganyna görkezilýän basyşlardan daşary onuň öňki adamsyna, daýzasyna hem daýysyna-da basyş edilipdir. Hossarlaryndan hem oňa ýakynlardan sorag edilýän wagtynda polisiýa işgärleri olara wide kameranyň öňünde durup, Dürsoltan Taganowany "watan haýyny" diýip aýyplamaga-da mejbur edipdirler.

Ýurduň daşyndaky we içindäki protest çäreleri bilen baglanyşykly olaryň hossarlaryna Türkmenistanyň öz içinde edilýän basyş ilkinji gezek däl. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň kanun goraýjy çeşmelere salgylanyp berýän habaryna görä, hökümetler ýurduň içinde köpçülikleýin tolgunyşygyň bolmagyndan howatyr edýärler. Şoňa görä, daşary ýurtlardaky oppozisiýa hereketiniň aktiwistlerini yzarlaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG