Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ýyladyş ulgamy abatlanmaýar, ilat tok peç satyn alyp başlady


Illýustrasiýa suraty.

Maryda köp gatly jaýlaryň ýyladyş ulgamlarynda döreýän näsazlyk jaýlaryny ýylatmak isleýän ýerli ýaşaýjylary özbaşdak çykalga gözlemäge, tok peçlerini satyn alyp, sowuk howa garşy taýýarlyk görmäge iterýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy oktýabrda habar berdi.

“Çärjew köçesiniň ugrunda ýerleşýän köp gatly jaýlaryň ýyladyş ulgamlary geçen ýyldan bäri abatlanmaýar” diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, ýerli ýaşaýjylar ýyladyş ulgamlarynda döreýän näsazlyk bilen bagly “Jaý dolandyryş müdirliklerine” arz edendiklerini ýöne öz şikaýatlaryna jogap tapyp bilmändiklerini aýdýarlar.

“Öý müdirliklerine ýüz tutduk, ‘otapleniýa işlänok, bejeriň’ diýip, aýtdyk” diýip, bir ýerli ýaşaýjy habarça gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, öý dolandyryş resmisi edarada ýyladyş üçin turbalaryň ýokdugyny aýdyp, jaýlardaky ýyladyş turbalarynyň poslandygyny boýun aldy.

“Her kim özüçe nädip gününi görse görmeli diýip aýdýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy resmileriň aýdan sözlerini Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy bu ýagdaý sebäpli ýerli ýaşaýjylaryň arasynda “barybir işlemeýän ýyladyş batareýalaryny satuwa çykaryp, olaryň deregine tok peçlerini satyn alýan” adamlaryň bardygyny habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, ulanylan 7 gapyrgaly bir ýyladyş batareýasynyň bahasy 350 manat töwereklerindedir.

Şeýle-de, ýerli ýaşaýjylaryň käbirleri penjireleriniň sowuga çydamsyzdygyny, sowukdan goranmak üçin penjireleriň ýüzüne “klýonka” kakýandyklaryny aýdýarlar. Ýöne beýleki tarapdan, şäher häkimiýetleri esasy köçeleriň ýola seredýän penjileriniň aladasyny edipdirler.

“Şäheriň esasy köçeleriniň ýol tarapdan görünýän penjirelerini plastik penjire bilen üpjün etdiler, emma şäheriň uly ýoldan görünmeýän ýerlerindäki jaýlar gözgyny ýagdaýda” diýip, habarçy Marydan habar berdi.

29-njy oktýabrda turkmen.news neşiri Türkmenabatda we Maryda 15-nji oktýabrda ýyladyş möwsüminiň başlanandygyny, ýöne ýyladyş ulgamlarynyň işlemeýändigini habar berdi. Şeýle-de, neşir ýyladyş tölegleriniň ýyl-ýyldan barha ýokarlanýanydygyny habar berdi.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ilatyň elektrik energiýasy, tok we suw bilen mugt üpjünçiligi doly ýatyryldy.

Ýurduň şäherlerinde köp gatly ýaşaýyş jaýlary köplenç merkezleşdirilen ýyladyş ulgamy arkaly ýyladylýar. Jaýlaryň ýyladyş ulgamlarynda tebigy gazdan peýdalanylýar.

“2017-nji ýyla çenli tutuş ýyladyş möwsümi üçin 0,60 manat töleýärdik. 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, ýyladyş tölegi kwartiranyň tutýan meýdanyna görä hasaplandy, 2017-2018-nji ýyllarda bir kwadrat metr üçin töleg 0,1 manat möçberinde boldy. Netijede, bu iki ýyl 5 aý dowam edýän her ýyladyş möwsümi üçin 12 manatdan töledik. 2019-njy ýyldan başlap bu töleg her inedördül metr üçin 0,5 manada çenli ýokarlandy. 2018-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlary üçin öňki nyrhdan, soň bolsa täze nyrhdan hasaplandy. Munuň netijesinde, bu ýyladyş möwsümi üçin 40 manatdan gowrak töledik. 2019-2020 ýyladyş möwsümi üçin bolsa 60 manat, plýus hasap kitapçasy üçin 1,5 manat tölemeli” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy turkmen.news neşirine gürrüň berdi.

Bu hasapdan çen tutulsa, bir ortaça kwartiranyň mysalynda ýyladyş möwsüminiň 2017-nji ýyldan öňki bahasy 3 ýylyň dowamynda 100 esse gymmatlady.

“Accuweather” howa maglumatlary saýtynyň maglumatlaryna görä, şu günler Maryda gündizlerine +20, +26 gradus aralygynda üýtgäp durýan maýyl howa gijelerine +4 gradusa çenli pese gaçýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG