Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Tomsuna suwsuz, gyşyna otsuz, myhmana hözirsiz, 'gözel' Aşgabat"


Aşgabat görnüşlerinden
Aşgabat görnüşlerinden

"Tomsuna howur alýan beton jaýlarda günuzyn suwsuz galmak diňe teşnelik hem däl, hajathanaňy suw bilen çaýkap bilmän, porsa boglup oturmak jezasyny hem çekdirýär. Şeýle ýagdaýda myhmanyň dagy bolsa, dat günüňe" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Paýtagt Aşgabadyň "Parahat 3/1" etrapçasynda şu gün ir sagatlardan bäri suw ýok, häzir sagat ýerli wagt bilen 14:00" diýip, Azatlygyň habarçysy habar berdi.

Türkmenistanyň paýtagtynda suw, tok kesilmeleri, ýyladyş ulgamlarynyň işlemezligi adaty bir zat, şol bir wagtda soňky on ýylda Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagyna millionlarça, belki-de milliardlap dollar harçlandy.

TDH-nyň we türkmen TW-siniň habarlaryndan çen tutulsa, türkmen hökümetiniň mejlislerinde köpçülik çärelerini uly guramaçylykda geçirmek meselesinden soň ikinji ýerde Aşgabady abadanlaşdyrmak, ony dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin oňaýly şäherlerine öwürmek meselesi durýar.

Ýöne döwlet habar serişdeleri şäher ilatynyň ýygy-ýygydan duşýan kynçylyklary, suw, tok, ulag meseleleri, ösüp oturan baglaryň çapylmagy, antennalaryň we sowadyjylaryň goparylmagy ýaly problemalary barada hatda paýtagty suw basan ýagdaýynda hem habar bermeýärler.

Eger kada-kanunly ýurtlarda suw ýa tok kesiljek bolsa, şäher ýaşaýjylaryna öňünden habar edilse, Aşgabatda ýaşaýjylar suwuň ýa toguň kesilenini diňe boljak iş bolanyndan soň bilip galýarlar, ýöne olaryň munuň sebäbini anyklamak synanyşyklary çalarak başa barsa-da, meseläniň haçan çözüljekdigini bilmek synanyşyklary köplenç başa barmaýar.

"Parahat 3/1" etrapçasynyň ýaşaýjylary suw şäheriň suw edarasyna telefon edýärler, olara "uly bir hadysanyň", ýagny awariýanyň bolandygy aýdyldy, ýöne bu golaýda suw beriljegini aýtmadylar, ýaşaýjylaryň garaşan wadalary berilmedi diýip, harbarçy aýtdy.

Meseläniň has çatak ýeri bolsa, tomsuň jokrama yssysynda adamlara awtoulagly suw getirmek ýaly wagtlaýyn, ýöne zerur çäre hem gurnalmaýar diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Aşgabatdaky suw meselesinden habarly adamlar şeýle ýagdaýlarda ýaşaýjylara awtoulagly suw getirip paýlamak çykalgasyndan, köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylarynyň tapan gaplaryny alyp, suw nobatyna duruşlaryndan habarlydyrlar.

"Tomsuna howur alýan beton jaýlarda günuzyn suwsuz galmak diňe teşnelik hem däl, hajathanaňy suw bilen çaýkap bilmän, porsa boglup oturmak jezasyny hem çekdirýär. Şeýle ýagdaýda myhmanyň dagy bolsa, dat günüňe" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Suw ýa lagym geçirijileriniň böwsülmegi, ýyladyş ulgamlarynyň bozulmagy diňe Aşgabatda däl, türkmen şäherleriniň ählisinde adaty zada öwrüldi, sebäbi könelen geçirijileri täzelemäge, çalşyrmaga turba ýok, beýleki enjamlar hem ýiti ýetmezçilik edýär diýip, ýagdaýdan habarly hünärmen, 55 ýaşyndaky resmi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, prezidenti we beýleki ýolbaşçylary diňe "şäheriň daşky görnüşi, ýasama, ýalan gözelligi gyzyklandyrýar we bu 'gyzyklanma', ak mermerli Aşgabady abadanlaşdyrmak bahanasy astynda, millionlarça dollar harçlamak bilen, on ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär".

"Ýöne ulanylmaly möhleti bir wagt geçen, çüýrän enjamlary çalşyrmaýarlar. Şu sebäpden hemme ýerde, şäheriň bar etrabynda diýen ýaly deşilen turbalary agaç-tagta dykyp, uzaga çekmeýän 'bejeriş' usulynda bejerýärler" diýip, anonimlik şertinde gürleşen resmi aýtdy.

"Bu sistema, ulgam problemasy, munuň üstesine iş bilýän hürärmenler hem ýetmeýär, sebäbi köp adam gitdi" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şol bir wagtda, Mercer kompaniýasynyň 9-njy iýunda çap eden “Cost of Living Survey” hasabatyna görä, Aşgabat bir ýylyň dowamynda bäş orun pese gaçyp, 209 şäheriň arasynda dünýädäki iň gymmat 2-nji şähere öwrüldi.

Kompaniýanyň ondan öňki ýyldaky sanawynda Aşgabat 2018-nji ýyldaky görkezijilerinden hem 34 orun pese gaçyp, 43-nji ýerden 7-nji orna düşdi.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we onuň töweregindäkileriň Aşgabatda gurulýan gymmatbaha gurluşyklary daşary ýurtlulara ösüş hökmünde görkezmek we gazdan gelýän pullary köp mukdarda ogurlamak üçin ulanýandyklaryny, şäher ilatynyň abadançylygy bilen düýpden gyzyklanmaýandyklaryny aýdýarlar.

Şeýle aýyplamany golaýda sosial mediada eden çykyşynda Myrat Gurbanow, TDS halk hereketiniň egindeş başlygy hem öňe sürdi. Emma resmi Aşgabat bu hili aýyplamalary ne inkär edýär, ne-de tassyklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG