Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan halkara uçar gatnawlarynyň ýanwara çenli dikeldilmejegini aýdýar


Aşgabat aeroporty. Arhiw suraty
Aşgabat aeroporty. Arhiw suraty

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Orsýetdäki wekilhanasy 31-nji oktýabrda halkara uçar gatnawlarynyň ählisiniň togtadylan möhletiniň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldýandygyny habar berdi.

Wekilhananyň web sahypasynda çap edilen maglumata görä, bu çäre COVID-19 pandemiasy sebäpli dörän ýagdaý bilen düşündirilýär.

Wekilhana ozal satyn alnan biletleriň 2021-nji ýylyň ahyryna çenli güýjünde galjakdygyny we ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylarynyň şol seneden öň islendik uçuş üçin biletlerini çalşyp biljekdigini aýdýar.

Syýahat edilmedik ýagdaýynda biletleriň bahalaryny yzyna gaýtaryp alyp bolar.

Birnäçe gün öň “Türkmen demir ýollary” hem arakesmäniň indiki ýyla çenli uzaldylýandygyny mälim etdi.

Şu aralykda, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň sebitleriniň arasynda ondan oňa gidýän adamlaryň hereketlerine hem çäklendirme girizildi.

XS
SM
MD
LG