Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Gatnaw çäklendirmeleri 2021-nji ýyla çenli uzaldyldy. Lebapda ilatyň pagta çekilmegi 'ýatyrylýar'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda içerki gatnaw çäklendirmeleri 2021-nji ýyla çenli uzaldyldy. Bu habar Azatlyk Radiosynyň 1-nji noýabrdan başlap ýurtda dolulygyna petiklenmäniň girizilip bilinjekdigi baradaky maglumatlarynyň yzýanyna gabat geldi. Bu aralykda, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy noýabrdan başlap karantin çäreleriniň güýçlendirilip, täze çäklendirmeleriň giriziljekdigini habar berýär. Bu habarlaryň arasynda, Türkmenistan pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda getirmegini dowam etdirýär. Şeýle çäreleriň ýene biri 28-nji oktýabrda Tatarystandan Türkmenabada gelen ýörite uçar gatnawynda amala aşyryldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ýarym-resmi orient.tm hem-de türkmen hökümetine ýakyn "Turkmenportal" neşirleri habar berýärler.

Türkmenistan ýurtda ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, ýolagçy demirýolunyň we awtobus gatnawynyň hereketine girizilen wagtlaýyn çäklendirmeleri 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaltdy. 28-nji oktýabrda giçlik ýarym-resmi orient.tm neşirinde çykan bu habar barada resmi mediada maglumat berilmeýär.

Sentýabryň aýagynda "Türkmendemirýollary" agentligi ýurtdaky ýolagçy otlularynyň gatnawlarynyň gaýtadan açyljak wagtynyň ýene bir aý, 1-nji noýabra çenli yza süýşürilendigini mälim edipdi. Ozal bu gatnawlaryň ilki 15-nji awgusta, soňra 1-nji sentýabra, soňra-da 1-nji oktýabra çenli duruzylandygy habar berlipdi.

Ýatlatsak, şu hepdäniň başynda Azatlyk özüniň saglyk pudagyndaky çeşmelerine salgylanyp, 1-nji noýabrdan başlap ýurtda dolulygyna petiklenmäniň girizilip bilinjekdigi barada maglumat beripdi.

Çeşmämiz güýçlendirilen karantin çäreleriniň çäginde, hususan-da, 1-nji noýabrdan başlap içerki awia gatnawlarynyň togtadyljakdygy, sebitleriň arasyndaky hereketiň düýbünden ýatyryljakdygy we hususy köpçülikleýin çäreleriň gadagan ediljekdigi barada habar beripdi.

Bu habarlaryň arasynda, 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň adyndan ilata “agyz-burun örtügi dakynmak, köpçülik ýerde aralygy 2 metr saklamak, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek” barada ýene sms-ler ugradyldy.

Bu aralykda, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 1-nji noýabrdan başlap karantin çäreleriniň güýçlendirilip, täze çäklendirmeleriň giriziljekdigini habar berýär.

"31-nji oktýabrdan soň lebaply daýhanlaryň ýetişdiren pagta hasylyny ammarhanalar kabul etmez. Karantin güýçlendiriler. Bu barada Farap etrabynyň Magtymguly obasynyň kärendeçilerine ýörite duýduryş haty gelip gowuşdy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 29-njy oktýabrda habar berdi.

Faraply kärendeçileriň we agronomlaryň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatyna görä, bu hata laýyklykda, kärendeçilerden 1-nji noýabrdan başlap raýatlaryň pagta meýdanlaryna barmajakdygy barada dil haty alnypdyr.

"Pagtalar diňe kombaýn bilen ýygylar we döwlet haýryna geçiriler. Kärendeçilere diňe 1-nji noýabra çenli tabşyran pagta hasyly üçin töleg tölenjekdigi barada maglumatlar bar" diýip, lebaply kärendeçileriň biri habarçymyza aýtdy.

Habarçy 1-nji noýabrdan izolýasiýanyň başlajakdygyny belläp, adamlaryň pagta ýygymyna çykarylmagynyň gadagan ediljekdigini, mekdepleriň ýapyljakdygyny hem aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat, Farap etrap häkimliklerinden we ýerli oba hojalyk hem-de bilim bölümlerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Bu habarlaryň arasynda, Türkmenistan pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda getirmegini dowam etdirýär.

"Turkmenportal" neşiri pandemiýa sebäpli Tatarystanda galan 200-den gowrak türkmen raýatynyň 28-nji oktýabrda gije Kazan şäherinden Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine getirilendigini habar berdi.

Neşir bu çäräniň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi esasynda amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, raýatlaryň "Türkmenistan" howaýollary kompaniýasynyň Boeing-777-200LR uçarynda ýurda gelendigini hem ýazýar.

Belläp geçsek, Kazandan uçaryň geljekdigi barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary 27-nji oktýabrda habar beripdiler. Habarçymyz 29-njy oktýabrda irden beren maglumatynda Kazandan gelen uçardaky ýolagçylaryň köpüsiniň studentlerdigini aýtdy.

"Ýolagcylaryň aglabasy täze karantin zonasyna, ýöne ýaş çagaly eneler we näsaglar şäher hassahanasyna ýerleşdirildi. Täze karantin zonasy boş durdy. Bu ýer bary-ýogy 300 adam kabul edip bilýär. Wise-premýer Lebaba sapar eden wagtynda, onuň talabyna laýyklykda, bu ýerdäki krowatlar bir hatar edilip goýuldy we onda tämizleýiş işleri geçirildi" diýip, lebaply habarçy welaýatyň saglyk pudagyndaky çeşmelerine salgylanyp aýtdy.

Habarçy Farap gümrük gullugyndaky karantin zonasy barada hem maglumat berip, bu ýerde bir wagtyň özünde 100 adamy karantine almaga mümkinçiligiň bardygyny belledi.

"30-njy oktýabrda Gyrgyzystan döwletinden geljek raýatlar şol ýere ýerleşdiriler. Olar awtobuslar arkaly Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistana getiriler" diýip, habarçy aýtdy.

Dünýäniň dürli künjeklerinde, şol sanda Ýewropada we Russiýada koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň gürelýän pursady, türkmen häkimiýetleri ýurtda häzirki güne çenli hem COVID-19 bilen bagly ýeke ýagdaý barada hasabat bermediler.

Emma muňa garamazdan, Azatlyk Radiosy we beýleki garaşsyz neşirler ýurtda ýüze çykarylýan koronawirus ýagdaýlary barada dowamly maglumat berip gelýärler. Geçen hepde Azatlyk Daşogzuň aýallar koloniýasynda koronawirusyň tutaşandygy barada habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG