Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul uniwersitetinde ok atyşyk boldy, polisiýa okuw jaýynyň daşyny gabady


Owgan polisiýasy Kabul uniwersitetinde hüjümiň bolan ýerini barlaýar, 2-nji noýabr, 2020. Kabul
Owgan polisiýasy Kabul uniwersitetinde hüjümiň bolan ýerini barlaýar, 2-nji noýabr, 2020. Kabul

2-nji noýabrda irden owgan paýtagtynyň Kabul uniwersitetinde ok atyşyk boldy we howpsuzlyk güýçleri okuw jaýynyň daşyny gurşap aldy. Habar berilmegine görä, atyşyk wagty okuw jaýynda owgan-eýran bilelikdäki kitap ýarmarkasy geçirilýärdi.

Azyndan alty adam ýaralandy diýip, Saglyk ministrliginiň metbugat sekretary Akmal Samsor aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian atyşygyň dowam edýändigini aýtdy.

“Talybanyň” metbugat sekretary Zabiullah Mujahid toparyň dowam edýän hüjüme gatyşygyny ret etdi.

Ýokary bilim ministrliginiň metbugat sekretary Hamid Obaidi studentleriň binadan ewakuasiýa edilýändigini hem-de uniwersitetiň içinde atyşyk sesleriniň eşidilýändigini aýtdy.

Owgan mediasy atyşyk wagtynda uniwersitetde kitap ýarmarkasynyň geçirilýändigini we oňa birnäçe ýokary wezipeli adamyň gatnaşýandygyny habar berdi.

Bu aralykda, 2-nji noýabrda ýurduň günorta Helmand welaýatynda ýol kenarynda partlan mine bir ulagy hatardan çykardy we esasan aýallardan we çagalardan ybarat azyndan ýedi asuda raýaty öldürdi diýip, welaýat häkiminiň metbugat sekretary Omer Zwek aýtdy.

XS
SM
MD
LG