Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Germaniýa bölekleýin petiklemä girdi. Ýokary derejeli amerikan saglyk hünärmeni “agyr zyýan” barada duýdurýar


Illýustrasiýa suraty

Ýewropa ýurtlary ýokarlanýan koronawirus ýokaşmalarynyň we ölümleriniň öňüni almak üçin täze çäklendirmeleri girizýän mahaly, 2-nji noýabrda Germaniýa bir aýlyk bölekleýin petiklemä girdi.

Ýewropada kesel hadysalarynyň umumy sany 10 milliondan aşdy. Ýokanç keselleri boýunça ýokary derejeli ABŞ hünärmeni Dr. Entoni Fauçi (Dr. Anthony Fauci) geçen hepde soňy Washington Post gazetine beren interwýusynda Birleşen Ştatlaryň agyr gyşa taýýarlyk görmelidigini aýtdy.

3-nji noýabr ABŞ saýlawlarynyň öňüsyrasynda prezident Donald Tramp amerikanlary wirus boýunça “agyr döwrüň yzda galandygyna” ynandyrmaga synanyşýar.

230,967 ölüm bilen wirusdan eýýäm iň agyr zyýan çeken ýurt – Birleşen Ştatlary ýedi günüň dowamynda gündelik ortaça 87,000 hadysa hasaba aldy. Ýurduň köp böleginde keselhana ýerleşdirilýänleriň hem-de ölümleriň sany ýokarlanýar.

Ýewropada hadysalaryň aşa ýokarlanmagy hassahanalary gysýar we wirusyň öňüni almak üçin täze petiklemelere mejbur edýär.

Germaniýanyň bölekleýin petiklemeleri Fransiýanyň has berk çäklendirmeleriniň, 30-njy oktýabrdan başlap, 65 million ilatyny tas öýe gabamagynyň yzýany boldy.

Häzir Ýewropa gündelik 240,000-den gowrak hadysa hasaba alýar, şeýle-de 10-dan gowrak ýewropa ýurdy keselhana ýerleşdirilýänleriň rekord sanyny hasaba alýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG