Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Belarusyň 9-njy awgust prezidentlik saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylandygy barada hem-de ýurtda ses berişlikden soň tutaşan parahat demonstrasiýalara gaýtawul beren howpsuzlyk güýçleriniň sistematik hukuk bozulmalara baş goşandygy barada “gaty köp subutnamanyň” bardygyny aýtdy.
AÝ/AR-yň gören 58 sahypalyk hasabaty 5-nji noýabrda ÝHHG-nyň hemişelik geňeşine hödürlener. Hasabatyň baş awtory hem-de awstriýaly halkara hukuk professory Wolfgang Benedek “öňki saýlaw monitoringi esasynda kesgitlenen esasy talaplar" berjaý edilmedik saýlawlarda “görnetin kemçilikleriň” bolandygyny belledi.
“Prezident saýlawlarynyň aç-açan däldigi, hem-de olaryň ne erkin, ne-de adalatly bolandygy barada aýdylan aýyplamalar tassyk boldy” diýip, ol sözüne goşdy.
Mundan başga-da, adam hukuklarynyň “köpçülikleýin we yzygiderli bozulandygy anyklandy we şübhesiz subut edildi” diýip, ol aýtdy.