Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köýtendaglylar suwuň ýetmezçiliginden, hiliniň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler


Köýtendagyň kranlaryndan akýan sarymytyl suw. Mart, 2020 ý.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň ýaşaýjylary hojalyklara berilýän suwuň hiliniň ýaramazlygyndan, käbir sebitlerde onuň asla ýoklugyndan şikaýat edýärler.

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň biriniň 31-nji martdaky beren maglumatynda tassyklamagyna görä, sebitiň ýaşaýjylary hojalyklarda aşa bulançak we zeňlän suwuň akýandygyny aýdyp, ondan ne içer, ne-de beýleki zerurlyklar üçin peýdalanar ýaly däldigini belleýärler.

“Hojalyklara çekilen demir turbalaryň çüýräp poslanyna eýýäm ençeme wagt boldy. Kranlardan sarymtyl reňkdäki, zeňlän suw akýar. Bu suwy içmek beýle-de dursun, onuň bilen hatda ýuwunmak hem mümkin däl” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran köýtendagly bir ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Ýerli ilat bu suwdan bialaç peýdalanmaly bolýandygyny, munuň netijesinde-de dürli saglyk ýagdaýlarynyň ýüze çykýandygyny aýdýar.

“Sarygetirme, içgeçme, deridäki dürli örgünler... Bularyň bary adaty bir ýagdaýa öwrüldi” diýip, ýerli ýaşaýjy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Galyberse-de, suwuň ýarmaz hili bilen birlikde, onuň goýberilýän çäkli möçberi hem köýtendaglylary dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz edýär.

Köýtendagyň hojalyklaryndan akýan suw
Köýtendagyň hojalyklaryndan akýan suw


“Günde sanlyja sagat suw akdyrylýar. Bu hem etrap merkeziniň ençeme köçesinde şeýle. Köýtendagyň ilaty gür ýaşaýan aglaba posýoloklarynda häzirki güne çenli suw turbalarynyň çekilmedik ýerleri hem köp” diýip, ýakynda Köýtendaga baryp gören Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu sebitiň ýaşaýjylary suwuň hiliniň ýaramazdygy barada etrabyň häkimligine indi ençeme ýyl bäri şikaýat edýän bolsa-da, olara oňaýly reaksiýa bildirilmeýär.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüň edilenler barada ne Köýtendag etrap, ne-de Lebap welaýat häkimliklerinden maglumat almak başartdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda suw ýetmezçiligi we onuň hili hem-de kesilmegi bilen bagly problemalary agzamaýarlar. Bu barada ýerli metbugatda hem gürrüň gozgalmaýar.

Munuň deregine, resmiler ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek meseleleriniň “ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykarylandygyny”, “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasynyň” durmuşa geçirilýändigini öňe sürýärler.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosyna ilata berilýän suwuň hiliniň ýaramazlygy, käbir sebitlerde üpjünçiligiň asla ýokdugy barada dowamly maglumatlar gelýär.

Galyberse-de, Bütindünýä Resurslar Institutynyň (BRI) geçen ýylyň awgustynda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň ilatynyň çenden ‘aşa suw stressinden' ejir çekýändigi bellenildi. Dünýäniň 17 döwletinde, şol sanda Türkmenistanda suw üpjünçiliginiň ýagdaýy tas “nola” deň bolup, uzakly günüň dowamynda kranlardan suw akdyrylmaýar diýip, BRI-niň hasabatynda nygtaldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG