Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus meşhur Telegram kanalynyň iki administratoryna garşy derňew işini gozgady


Belarus bloggeri Stepan Putsile

Belarus häkimiýetleri meşhur “Nexta-Live” Telegram kanalynyň iki administratoryna garşy derňew işini gozgady. Bu kanal ýurtda saýlawlardan soň dowam edýän protestler barada habar berýär.

Belarusyň Derňew komiteti 5-nji noýabrda Stýapan Putsila bilen Raman Pratasewiçiň köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramakda, jemgyýetçilik tertibini bozmakda we ýigrenji öjükdirmekde güman edilýändigini aýtdy.

Beýanata görä, Putsile we Pratasewiç gözlenýänleriň sanawyna goşuldy. Olaryň nirededigi häzirki wagtda belli däl.

Bu derňew işleri Belarusyň awtoritar prezidenti Alýaksandr Lukaşenka awgust saýlawlarynyň yz ýany ýurt boýunça tutaşan protestler bilen ýüzbe-ýüz galmaga dowam edýän wagty gozgaldy. Oppozisiýa we günbatar hökümetleri saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Geçen aý Minskiň bir sudy “Nexta-Live” kanalyny we onuň logosyny esktremist diýip kesgitledi we Maglumat ministrligine bu Telegram kanalynyň adyny we logosyny ulanýan maglumat çeşmelerine elýeterliligi hem-de Belarus Internet ulanyjylarynyň arasynda olaryň ýaýradylmagyny çäklendirmegi tabşyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG