Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran we Wenesuella gatnaşyklary ‘çuňlaşdyrmakçy’


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif Latyn Amerikasyna edýän saparynyň başynda Wenesuella bardy. Ol saparyň çäginde Kuba we Boliwiýa-da sapar eder.

“Her bir ýokary derejeli sapar biziň strategiki ýaranlygymyzy, biziň doganlygymyzy çuňlaşdyrýar” diýip, Wenesuellanyň daşary işler ministri Horge Arreaza (Jorge Arreaza) 4-nji noýabrda twit ýazdy. Ol bu twitini Günorta Amerika ýurduna baran eýran kärdeşini garşylandan soň ýazdy.

“Wenesuella we Eýran agressiýalara garşy raýdaşlyk we gaýduwsyzlyk görkezdi” diýip, Arreaza görnetin ABŞ sanksiýalaryny nazarda tutup, sözüne goşdy.

Wenesuellanyň AVN habar agentligine görä, taraplar Zarifiň saparynyň dowamynda “ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň” ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Waşington Wenesuellanyň prezidenti Nikolas Madurony häkimiýetden çetleşdirmäge niýetlenen sanksiýalary güýçlendirdigiçe Tähran Karakas üçin möhüm ýarana öwrüldi.

Wenesuellada köpleriň galp atlandyran saýlawlary Madurony ikinji möhlete wezipä getirenden soň, 2019-njy ýylyň ýanwarynda Birleşen Ştatlary we beýleki Günbatar ýurtlary Huan Guaidony ýurduň kanuny lideri hökmünde ykrar etdi

Soňky aýlarda Eýran Karakasy ýangyç we ynsanperwer kömekler bilen üpjün edýär.

XS
SM
MD
LG