Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarusda geçirilen protestlerde 1000-den gowrak adam tussag edildi


Protestçiler prezidentlik saýlawlaryndaky netijelere garşy çykyş edýär, Minsk 8-nji noýabr, 2020

Alýaksandr Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny we üç aý ozal geçirilen dawaly ses berişlikden soň täze prezident saýlawyny talap edýän protestleriň 13-nji ýekşenbesinde Belarusda hökümete garşy 1000-den gowrak demonstrant tussag edildi.

"Wýasna" atly adam hukuklary topary 8-nji noýabrda jemi 1024 adamyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilendigini habar berdi.

Tutha-tutluklaryň köpüsi paýtagt Minskde bolup geçdi, şol ýerde birnäçe müň adam demokratiýa marşy diýlip atlandyrylan çärä gatnaşdy.

Howpsuzlyk güýçleri demonstrantlaryň şäher häkimliginiň golaýyna ýygnanmagynyň, birnäçe köçäni petiklemeginiň we şäheriň merkezindäki ýerleri gabamagynyň öňüni aldy.

Irden Minskde internete girmek mümkinçiligi çäklendirilipdi we şäher merkezindäki birnäçe metro bekedi ýörişden bir sagat öň "ýolagçylaryň howpsuzlygyny" bahanalap, ýapyldy.

Protest ýörişleri we tussag edilmeler Homel, Witebsk, Žlobin we beýleki şäherlerde-de geçirildi.

Tutulanlaryň arasynda azyndan altysy žurnalistlerdi.

"Wýasna" tussag edilenleriň käbiriniň soň boşadylandygyny aýtdy.

26 ýyllap Belarusy dolandyran Lukaşenka, 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawyndan bäri tas günde protestler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Oppozisiýa saýlawlaryň netijelerini galp diýip yglan etdi we Günbatar şol netijeleri kabul etmekden ýüz öwürdi.

Häkimiýetler Lukaşenkany saýlawlaryň ýeňijisi diýip yglan edeninden bäri müňlerçe adam tussag edildi. Ýurduň oppozisiýa liderleriniň köpüsi tussag boldy ýa-da ýurtdan çykmaga mejbur edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG