Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn prezidenti Japarow saýlawda dalaş etmek üçin işden çekilmek planyny gaýtalaýar


Sadyr Japarow

Gyrgyzystanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sadyr Japarow ýanwarda geçiriljek prezident saýlawlarynda dalaş etmäge hukuk gazanmak üçin wezipeden çekilmek planyny gaýtalady. Ol açyk we adalatly saýlawlary wada berdi.

“Eger-de men saýlawlarda utulsam, meniň tarapdarlarym köçelere çykyp protest geçirmez. Eger-de saýlaw wagty administratiw serişdelerden peýdalanylýandygyny ýa-da sesleriň satyn alynýandygyny görseňiz, dessine bize habar ediň, biz munuň bes edilmegi üçin çäre göreris. Ahmal bolan saýlaw galplyklarynyň öňüni almak üçin biz “blokçeýn ulgamyny” (sanly petik-zynjyr ulgamyny) işe girizeris. Daşary ýurtlardaky raýatlarymyz hem ses bermäge gatnaşyp bilerler” diýip, Japarow 12-nji noýabrda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy.

Häzirki gyrgyz kanunçylygyna laýyklykda, prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän adam bu wezipe üçin saýlawlara dalaş edip bilmeýär.

Ýöne Japarow prezidentlige dalaş etmäge hukuk gazanmak üçin özüniň dekabrda işden çekiljekdigini birnäçe gezek aýdypdy.

51 ýaşly Japarow geçen aý parlament saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy geçirilen protestleriň arasynda premýer-ministr boldy.

Demonstrasiýalar häkimiýetleri saýlaw netijelerini ýatyrmaga iterdi we ýurdy hökümetiň hem-de prezident Sooronbaý Jeenbekowyň wezipeden çekilmegine getiren syýasy krizise sezewar etdi.

Jeenbekow bu Merkezi Aziýa ýurdunda 2005-nji ýyldan bäri hökümete garşy protestlerde wezipeden çetledilen üçünji prezidentdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG