Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RSF: AÝ/AR-nyň žurnalistiniň öldürilmegi bilen baglanyşykly aç-açan derňew geçirilmeli


Owganystanyň Helmand welaýatyndaky owgan güýçleri žurnalistiň ulagyna edilen partlamadan soň, wakanyň bolan ýerini derňeýärler. 12-nji noýabr, 2020 ý.
Owganystanyň Helmand welaýatyndaky owgan güýçleri žurnalistiň ulagyna edilen partlamadan soň, wakanyň bolan ýerini derňeýärler. 12-nji noýabr, 2020 ý.

“Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasy Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Ilýas Daýiniň Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda öldürilmegi bilen baglanyşykly aç-açan derňew geçirmäge çagyrdy.

33 ýaşly Ilýas Daýi awtoulagyna dakylan magnit bombanyň ýarylmagy netijesinde, 12-nji noýabrda öldürildi.

“Bu haýran galdyryjy çäre jezasyz galmaly däldir we gaýtalanmaly däldir” diýip, guramanyň Eýran-Owganystan bölüminiň başlygy Reza Moini 14-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy.

“Bu nyşana alnan partlamanyň jogapkärlerini kesgitlemek we jezalandyrmak üçin doly, aç-açan derňewi geçirmek gerek” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. “Talyban” toparynyň metbugat wekili Zabiullah Mujahid söweşiji toparyň "waka" gatnaşygynyň bardygyny ne inkär etdi, ne-de tassyklady.

Daýi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Azadi radiosy” diýlip tanalýan Erkin Owganystan radiosy üçin işleýärdi.

Ýakynda Daýi Human Rights Watch (HRW) guramasyna beren maglumatynda özüne “Talybanyň” harby operasiýalary barada habar bermegi bes etmegini duýdurýan köp sanly ölüm haýbatlarynyň gelip gowuşýandygyny aýdypdy.

Owgan hökümeti, Birleşen Milletler Guramasy we beýlekiler žurnalistiň öldürilmegini uruşdan ejir çekýän ýurtda metbugat azatlygyna edilen hüjüm diýip ýazgardylar.

XS
SM
MD
LG