Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan, Azerbaýjan we Russiýa Daglyk-Garabag sebiti boýunça ylalaşyga gol goýdular


10-njy noýabrdan başlap güýje girýän bu ylalaşyga gol goýulmagy ermeni paýtagtynda tolgunyşygyň döremegine we protestçileriň hökümet binalaryna hüjüm etmegine getirdi.

Ermenistanyň, Azerbaýjanyň we Russiýanyň liderleri bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebiti boýunça söweşleri bes etmek barada şertnama gol goýdular. 10-njy noýabrdan başlap güýje girýän bu ylalaşyga gol goýulmagy ermeni paýtagtynda tolgunyşygyň döremegine we protestçileriň hökümet binalaryna hüjüm etmegine getirdi.

10-njy noýabrda irden yglan edilen we Russiýanyň araçylyk etmegindäki bu ylalaşyk, azerbaýjan güýçleriniň onýyllyklaryň dowamyndaky konfliktde alty hepde dowam eden çaknyşykda söweş meýdanynda uly üstünlik gazanandygy, şol sanda sebitiň paýtagty Stepanakerte golaýlaýandygy barada maglumatlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

Daglyk-Garabag Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýär, ýöne bu ýerde ilatyň aglaba bölegini emele getirýän etniki ermeniler azerbaýjan dolandyryşyny ret edýärler. 1994-nji ýylda atyşygyň bes edilmegi bilen tamamlanan söweşde Azerbaýjanyň goşunlary sebitden çykarylandan bäri bu ýerdäki ermeniler Ermenistanyň goldawy bilen öz işlerini dolandyrýarlar.

Russiýa, Fransiýa we Birleşen Ştatlaryň bilelikde ýolbaşçylyk etmeginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Minsk topary tarapyndan bu konflikti çözmek üçin edilen tagallalar 1992-nji ýyldan bäri hiç hili netije bermedi.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan Russiýanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri bilen Daglyk-Garabagyň üstündäki urşuň “bes edilmegi” baradaky ylalaşyga ýerli wagt bilen gije sagat 1-de gol çekendigini ilkinji bolup yglan etdi.

Soňra Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew ylalaşygy tassykladylar.

Paşinýan, Russiýanyň parahatçylygy goraýjy güýçleriniň uzak möhletleýin ýerleşdirilmegini öz içine alýan ylalaşygyň “häzirki ýagdaý üçin iň oňat çözgütdigini” aýtdy.

“Men özüm we hemmämiz üçin gaty kyn karara geldim. Men bu karary harby ýagdaýy çuňňur seljermegiň we muny iň gowy bilýän adamlaryň baha bermegi netijesinde kabul etdim” diýip, Paşinýan Facebook sosial ulgamynda ýazan maglumatynda aýtdy.

Paşinýanyň bu çykyşyndan soň, Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Şuşan Stepanýan Daglyk-Garabagda we onuň töwereginde harby hereketleriň düýbünden bes edilendigini aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bu ylalaşygyň “Daglyk-Garabag töweregindäki krizisi adalatly esasda we Ermenistan hem-de Azerbaýjan halkynyň bähbitlerine laýyklykda uzak möhletleýin we doly çözmek üçin zerur şertleri döretjekdigine" ynanýandygyny mälim etdi.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň pikirine görä, bu ylalaşyk Ermenistanyň “kapitulýasiýasyny”, ýagny “boýun egendigini” aňladýar.

“Demir el ony bu resminama gol çekmäge mejbur etdi” diýip, Alyýew Paşinýana salgylanyp aýtdy.

Daglyk-Garabagyň de-fakto etniki ermeni lideri Araýik Harutiunýan Paşinýan bilen “häzirki agyr ýagdaýy" göz öňünde tutup, separatist anklawyny düýbünden ýitirmekden gaça durmak üçin söweşi bes etmek barada ylalaşandygyny aýtdy.

Ylalaşyga görä, Azerbaýjan Daglyk-Garabagdaky territoriýany we konflikt döwründe ele salnan töwereklerdäki territoriýany öz elinde saklar. Şeýle-de ylalaşyk ermeni güýçlerini Daglyk-Garabagyň serhetleriniň daşynda ýerleşýän käbir territoriýalary, şol sanda gündogar Agdam etrabyny we günbatar Kalbaçar sebitini tabşyrmaga çagyrýar.

Ermeniler Daglyk-Garabagy Ermenistan bilen birleşdirýän möhüm ýoluň ýerleşýän ýeri bolan Laçyn regionyndan hem mahrum bolarlar. Ylalaşyk Laçyn koridory diýlip atlandyrylýan sebitde 5 kilometr giňişlikdäki meýdanyň açyk bolmagyna we onuň 2000 töweregi rus parahatçylygy goraýjy güýçleri tarapyndan goralmagyna hem çagyryş edýär.

Ýerewanyň 10-njy noýabrda irden eden bildirişine dessine reaksiýa bildirildi. Ylalaşyga gaharly birnäçe müň demonstrant hökümet binalaryna hüjüm etdi we oppozisiýa Paşinýany işinden çekilmäge çagyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG